Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 2:11 - Mukaddes Kitap

11 Musa ýigit çykandan soň, bir gün öz halky bolan ýewreýleriň arasyna aýlanmaga çykdy we olaryň agyr iş zerarly çekýän jebrini gördi. Ol bir müsürliniň öz halkyndan bolan bir ýewreýi ýenjip duranyny gördi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Муса йигит чыкандан соң, бир гүн өз халкы болан еврейлериң арасына айланмага чыкды ве оларың агыр иш зерарлы чекйән җебрини гөрди. Ол бир мүсүрлиниң өз халкындан болан бир еврейи енҗип дураныны гөрди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 2:11
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.


Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.


Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.


Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň.


Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi.


Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar».


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Meniň saýlaýan agyz beklemäm adalatsyzlyk zynjyrlaryny gyrmak, boýuntyryk ýüplerini çözmek, ezilenleri azat etmek, her bir boýuntyrygy syndyrmak üçin dälmi?


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ