Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 19:9 - Mukaddes Kitap

9 Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Реб Муса: «Ине, сениң билен геплешенимде, адамлар эшидер ялы ве олар саңа хемишелик ынанар ялы, Мен сениң яныңа гойы булутда гелерин» дийди. Муса халкың сөзлерини Реббе айданда,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 19:9
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy.


Olar ertesi irden turup, Tekowa çölüne tarap gitdiler. Olar ýola rowana bolanlarynda, Ýehoşapat durup, şeýle diýdi: «Eý, ýahuda we Iýerusalim ilaty, maňa gulak asyň! Hudaýyňyz Rebbe ynanyň, şonda berk durarsyňyz. Rebbiň pygamberlerine ynanyň, şonda işiňiz şowuna bolar».


Şonda Süleýman şeýle diýdi: «Reb tüm garaňkylykda mesgen tutjakdygyny aýtdy.


Reb Öz ýeňşini aýan eýledi, milletleriň nazarynda dogrulygyny aýan eýledi.


Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler.


Birigün irden gök gürläp, ýyldyrym çakdy. Galyň bulut dagyň üstüne geldi we şeýle bir batly sesli surnaý çalyndy. Düşelgedäki ähli adamlar gorkup titreşdiler.


Musa Hudaýyň bolýan tüm garaňkylygyna ýakynlaşanda, adamlar uzakda durdular.


Reb bulut içinde aşak inip, Musanyň ýanynda durdy-da: «Men – Reb!» diýip, Öz adyny yglan etdi.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Samariýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samariýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla’“».


Reb bulut sütüni görnüşinde aşak indi we çadyryň girelgesinde durup, Harun bilen Merýemi çagyrdy. Olar öňe çykdylar.


Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi.


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Siz Horepde Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda duranyňyzda, Reb maňa şeýle diýdi: „Halkyňy Meniň huzuryma üýşür. Men olara Öz sözlerimi eşitdirjek, şonda olar bütin ömrüne Menden gorkmagy öwrenerler we çagalaryna hem öwrederler“.


Ol sizi terbiýelemek üçin, asmandan size Öz sesini eşitdirdi. Ýerde Ol size beýik ot görkezdi. Siz oduň içinden Onuň sesini eşitdiňiz.


Ine, Ol bulutlaryň arasy bilen gelýär! Ony hemmeler, hatda Ony deşim-deşim edenler hem görer. Dünýäniň ähli halklary Ol sebäpli aglarlar. Bu dogrudan-da şeýle bolar! Omyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ