Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 19:4 - Mukaddes Kitap

4 „Müsürlilere näme edendigimi siz gördüňiz, bürgüdiň öz çagasyny ganatynda göterip gelşi ýaly, Men hem sizi ýanyma şeýdip alyp geldim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 „Мүсүрлилере нәме эдендигими сиз гөрдүңиз, бүргүдиң өз чагасыны ганатында гөтерип гелши ялы, Мен хем сизи яныма шейдип алып гелдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 19:4
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Rebbe umyt baglaýanlar täzeden güýç toplarlar, bürgütler dek ganat ýaýyp belende galarlar, ýüwrerler, ýöne ýadamazlar, ýörärler, ýöne ysgyndan gaçmazlar.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»


Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys?


Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir.


Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.


Ine, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr.


Musa ähli ysraýyllary ýygnap, olara şeýle diýdi: «Siz Rebbiň gözüňiziň alnynda Müsüre, faraona, onuň ähli emeldarlaryna we tutuş ýurduna näme edendiginiň hemmesini gördüňiz.


Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.


Hudaýyňyz Rebbiň siziň bähbidiňiz üçin bu milletleriň baryny nähili güne salandygyna özüňiz gözli şaýatsyňyz. Siziň üçin söweşen Hudaýyňyz Rebbiň hut Özüdir.


Aýala ýylanyň öňünden çöle, bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli iýmitlenjek ýerine uçup gaçar ýaly, uly bürgüdiň iki ganaty berildi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ