Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 18:7 - Mukaddes Kitap

7 Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym etdi we ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Муса гайынатасыны гаршы алмага чыкды ве дызына чөкүп тагзым этди ве оны огшады. Олар бири-бири билен саглык-аманлык сорашанларындан соң, чадырың ичине гирдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 18:7
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybram Kedorlagomeri we onuň ýanyndaky şalary derbi-dagyn edip gelenden soň, Sodom şasy ony garşylamak üçin Şawe deresine, ýagny şa jülgesine gitdi.


Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna, garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.


Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi.


Laban öz ýegeni Ýakubyň gelendigini eşidip, ylgap onuň öňünden çykdy. Ol Ýakuby gujaklap ogşady; ony öýüne alyp gaýtdy. Ýakup Labana bolup geçen wakalaryň hemmesini gürrüň berdi.


Sen hatda maňa agtyklarymdyr gyzlarymy ogşamaga-da mümkinçilik bermediň. Sen akmaklyk etdiň.


Ýusup öýe gelende, doganlary Ýusuba öz sowgatlaryny berip, oňa tagzym etdiler.


Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.


Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady.


Uryýa ýanyna gelende, Dawut ondan Ýowabyň we goşunyň hal-ýagdaýy, urşuň gidişi hakda soraşdyrdy.


Şeýlelikde, Batşeba Adonyýanyň adyndan gepleşmek üçin Süleýman patyşanyň ýanyna gitdi. Patyşa ony garşy almaga ýerinden galyp, tagzym edip, tagtynda oturdy. Patyşanyň ejesi üçin hem bir tagt getirip goýdular, ol patyşanyň sag tarapynda oturdy.


Ogly öpüň, ýogsa ol gazaba müner, siz hem heläk bolarsyňyz öz ýoluňyzda, çünki tiz tutaşýar onuň gazaby. Ony pena edinýänleriň ählisi bagtly.


Kimdir biri Musa: «Gaýynataň Ýitro aýalyňy we iki ogluňy alyp, seniň ýanyňa gelýär» diýip habar berdi.


Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi.


Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýdi. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklady.


Ballak Bilgamyň gelendigini eşidende, ony garşylamak üçin, Arnon jülgesiniň golaýynda, serhediň iň çetki nokadynda ýerleşýän Mowabyň Ar galasyna gitdi.


Sen Meni öpmediň, emma bu aýal Men öýe girenimden bäri aýaklarymy öpüp otyr.


Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar.


Rimdäki doganlar biziň gelendigimizi eşidip, bizi garşylamak üçin ol ýerden Appiýus bazaryna we Üç kerwensaraý diýen oba çenli geldiler. Pawlus olary görende, Hudaýa şükür edip, ýene gaýrata galdy.


Ýeftah Mispadaky öýüne gelende, onuň öz gyzy eli deprekli tans edip, öňünden çykdy; onuň ýeke gyzy bardy, başga ogly-da, gyzy-da ýokdy.


Bu on bölek peýniri bolsa olaryň müňbaşysyna ber. Agalaryňyň hal-ahwalyndan habar al-da, olardan bir nyşan getir».


Dawut zatlaryny sakça tabşyrdy-da, goşuna tarap ylgady. Agalarynyň ýanyna baryp, olar bilen salamlaşdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ