Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 18:4 - Mukaddes Kitap

4 beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni faraonyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy).

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 бейлеки оглуның ады Элигезерди (Онуң адыны болса: «Атамың Худайы маңа ярдам берди, Ол мени фараоның гылыҗындан гутарды» дийип, шейле дакыпды).

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 18:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ataňyň Hudaýydyr saňa medet berjek, ýokardaky asmanyň bereketleri bilen, ýer astyndaky çuňluklaryň bereketleri bilen, ene göwsi hem ene ýatgysynyň berekedi bilen Gudratygüýçli Hudaý ýalkajakdyr seni.


Eligezeriň ogly Rehabýa başy. Eligezeriň başga ogly ýokdur, ýöne Rehabýanyň nesilleri juda köpdi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.


Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koranyň nesilleriniň mezmury.


Soňra faraon Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi.


Faraon bu hakda eşidip, Musany öldürtmegiň küýüne düşdi. Emma Musa gaçyp, Midýan ýurdunda ornaşdy. Bir gün Musa bir guýynyň başynda otyrdy.


Sypora Musa bir ogul dogrup berdi. Musa: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip, onuň adyna Gerşom dakdy.


Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy.


Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady. Olar maňa zeper ýetirmediler, çünki Hudaýyň huzurynda men bigünä saýyldym. Seniň öňüňde hem, eý, şahym, men hiç bir şer iş eden däldirin».


Şol wagt Petrus özüne gelip: «Indi, hakykatdanam, Rebbiň Öz perişdesini ýollap, meni Hirodyň elinden we ýahudy halkynyň başymdan inderjek bela-beterlerinden halas edendigine anyk göz ýetirdim» diýdi.


Musa bu gepi eşidenden soň, Midýan ýurduna gaçyp gitdi we ol ýerde gelmişek bolup ýaşady. Bu ýurtda onuň iki ogly dünýä indi.


Ýöne Reb meni ýeke goýmady. Hoş Habaryň men arkaly doly wagyz edilip, ähli milletleriň hem ony eşitmegi üçin, Ol maňa gujur-gaýrat berdi. Reb meni ölümiň penjesinden halas etdi.


lowlaýan ody öçürdiler, gylyjyň tygyndan gaçyp gutuldylar, ejiz bolsalar hem güýçden doldular, söweşde kuwwatlanyp, keseki goşunlary derbi-dagyn etdiler.


Şoňa görä-de, biz ynam bilen şeýle diýýäris: «Reb – tarapdarym, men gorkmaýaryn, ynsan maňa näme edip bilsin?».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ