Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 18:16 - Mukaddes Kitap

16 Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň kanunlaryny olara aýan edýärin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Оларың давасы болса, маңа гелйәрлер. Мен хем ики давагәриң арасындакы даваны чөзүп берйәрин ве Худайың парзларыны, Онуң канунларыны олара аян эдйәрин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 18:16
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom: «Sen mamla, aýdýanyň hak, ýöne şanyň ýanynda seni diňläre adam ýok» diýip jogap bererdi.


Galalarynda ýaşaýan ýoldaşlaryňyzdan size gelen her işde, isle adam öldürmek dawasy bilen, isle kanun, tabşyryk, parzlar ýa-da hökümler işi bilen bolsun, Rebbe garşy günä etmezlige olara duýduryş beriň. Şonda siziň we ýoldaşlaryňyzyň üstünden Onuň gazaby inmez. Şeýle ediň, şonda siz ýazykly bolmarsyňyz.


Gulum ýa-da gyrnagym maňa arz-şikaýat edende, men olara adalatsyzlyk eden bolsam,


Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl.


Ertesi güni ol aýlanmaga çykanda, iki sany ýewreýiň öz aralarynda urşup duranlaryny gördi we olaryň günälisiniň ýanyna baryp: «Näme üçin sen öz ýewreýiňi urýarsyň?» diýip sorady.


Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn.


Ol ýaşululara şeýle diýdi: «Yzymyza gaýdyp gelýänçäk, bize şu ýerde garaşyň. Harun bilen Hur siziň bilen galýar. Kimiň näme işi bolsa, şolara ýüz tutup bilersiňiz».


Onsoň ysraýyl halkyna aýt: „Kim öz Hudaýyna dil ýetirse, onuň günäsi öz boýnunadyr.


Onsoň Reb Musa: «Ol adam ölüme höküm edilsin. Ony Ysraýyl düşelgesiniň daşyna çykaryp, bütin jemagat daşlap öldürsin» diýdi.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Siz imandaky doganyňyz bilen dawalaşanyňyzda, näme üçin onuň meselesine kazyýetde imansyzlaryň öňünde garaýarsyňyz?! Eýsem siz muny Hudaýyň halkynyň öňünde çözmeli dälmi?


Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.


Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.


«Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyryklary, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.


Üstesine-de, siziň üçin dileg etmegimi bes edip, Rebbiň öňünde günä gazanmagymdan Rebbiň Özi saklasyn! Men size hözirli hem dogry ýol görkezjek.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ