Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 18:12 - Mukaddes Kitap

12 Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Мусаның гайынатасы Йитро Худая якма гурбанлыгыны ве бейлеки садакалары берди. Харун әхли ысрайыл яшулулары билен бирликде Мусаның гайынатасы билен Худайың хузурында нахар иймәге гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 18:12
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Yshak ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbe ybadat etdi. Şol ýerde çadyryny dikdi. Onuň gullary bolsa guýy gazdylar.


Yshak myhmanlary hezzetledi. Olar iýip-içdiler.


Ýakup dagyň üstünde gurbanlyk berip, garyndaşlaryny nahara çagyrdy. Olar naharlandylar we gije dagda ýatdylar.


Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.


Doganlar bolsa günortana, Ýusubyň geler wagtyna çenli öz getiren sowgatlaryny taýýarladylar, çünki olara Ýusup bilen bile naharlanmalydyklary aýdylypdy.


Nuh Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.


Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi.


Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.


Meýlis gutaranynyň ertesi ir bilen turup, Eýýup çagalaryny çagyrdardy. Ol: «Belki, çagalarym içlerinden Hudaýa gargynyp günä edendirler» diýip, olary päklemek üçin baş sanyna görä ýakma gurbanlyklaryny hödürlärdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi.


Onsoň ähli doganlarydyr uýalary we öňki tanyşlary Eýýuby görmäge gelip, öýünde bile çörek iýdiler. Onuň başyna Rebbiň getiren belalary üçin duýgudaşlyk bildirip, oňa teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir bölek kümüş bilen altyn ýüzük berdiler.


Şonuň üçin hem indi ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny hödür ediň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder. Men siz bilen akmaklygyňyza görä iş salyşmaryn, onuň dilegini kabul ederin, çünki siz Men barada hakykaty gulum Eýýup ýaly sözlemediňiz».


Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmäge çykdy. Adamlar ertirden agşama çenli Musanyň töwereginde durdular.


Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.


Ol gyzlaryna: «Hany, ol adam nirede? Näme üçin siz ony taşlap gaýtdyňyz? Ony çagyryň, biziň bilen duz-çörek iýsin» diýdi.


Meniň üçin toprakdan gurbanlyk sypasyny ýasaň we onuň üstünde goýunlaryňyzy, öküzleriňizi başbitin ýakma gurbanlygy we salamatlyk gurbanlygy edip hödürläň. Adym tutulyp ýatlanylan her bir ýere gelip, Men size ak pata bererin.


Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler.


Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklary we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklary bermäge ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.


Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.


Musa düşelgäniň daşynda, ondan uzagrakda çadyr dikdi, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyr diýip atlandyrdy. Kimde-kim Rebden maslahat soramak islese, şol çadyra baryp bilýärdi.


Üç hepde doly tamamlanýança, tagamly nahar iýmedim. Agzyma ne et, ne şerap degdi, bedenime hem hiç hili ýag çalmadym.


Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.


Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Hemmeler Oňa dykgat bilen seredýärdiler.


Isa bilen saçak başynda oturanlaryň biri muny eşidende, Oňa: «Hudaýyň Şalygynda çörek iýjek adam nähili bagtly!» diýdi.


Ysraýyl halkyna serediň: gurbanlyk sypasynda berlen gurbanlykdan iýýän şol sypa şärik bolmaýarmy?


Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp, salamatlyk gurbanlygyny beriň, ony şol ýerde iýiň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ