Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 18:11 - Mukaddes Kitap

11 Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Инди мен Реббиң бейлеки әхли худайлардан бейикдигини билйәрин, себәби Ол ысрайыллары текепбирлик билен эзйән мүсүрлилериң элинден халас этди» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 18:11
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň ol aýal Ylýasa: «Men indi seniň Hudaýyň adamydygyňy, Rebbiň sen arkaly aýdan sözüniň hakykatdygyny bilýärin» diýdi.


Onsoň Nagaman ýanyndakylar bilen bile Hudaýyň adamynyň ýanyna dolanyp bardy. Ol gelip, Elýaşanyň öňünde durup: «Men indi tutuş ýer ýüzünde Ysraýylyň Hudaýyndan başga hiç bir hudaýyň ýokdugyna göz ýetirdim. Haýyş edýärin, bu guluň peşgeşini kabul edäý» diýdi.


Çünki Reb beýik, Ol belent sena mynasyp, biziň seždämize diňe Ol laýyk. Ol milletleriň hudaýlaryndan has wehimlidir.


Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar.


Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.


Emma ata-babalarymyz tekepbirlik hem boýnuýogynlyk etdiler, Seniň tabşyryklaryňa gulak asmadylar.


Sen olara Öz kanunyňa tarap öwrülmeklerini duýdurdyň. Emma olar şonda-da tekepbirlik edip, Seniň tabşyryklaryňa boýun egmediler; hökümleriňi berjaý etseler, ýaşajakdyklaryny bilseler-de, hökümleriňi ret etdiler. Olar gerişlerini ýükden sowup, boýnuýogynlyk etdiler, diňlemediler.


Gökleri paýhas bilen ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.


Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi.


«Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin».


Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.


Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.


Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


«Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar.


Ol wagt müsürliler Rebbiň gyran nowbahar ogullaryny jaýlaýardylar. Reb hatda olaryň hudaýlaryny-da jezalandyrypdy.


Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy, öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.


Emma Hudaý bize has beýik merhemet berýär. Şoňa görä Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


Buýsançdan doly sözlerden el göter. Ulumsylyk bilen gep urma, çünki ähli iş Rebbe aýandyr. Hemmesine kazylyk edýän Şoldur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ