Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 18:1 - Mukaddes Kitap

1 Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Худайың Муса үчин ве ысрайыллар үчин эден әхли ишлери барадакы ве Реббиң олары Мүсүрден нәхили чыкарандыгы барадакы хабар Мусаның гайынатасы, Мидян руханысы Йитро барып етди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 18:1
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler.


diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn. Ol olary duşman elinden halas eýledi,


sowudyňy geý, galkanyňy al, dadyma ýetiş.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Koranyň nesilleriniň maskili. Söýgi nagmasy.


Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy.


Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.


Gyzlar öýlerine kakalary Reguwalyň ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady.


Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy.


Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.


Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».


Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Onsoň hemmeler dymyp, Pawlus bilen Barnaby diňlediler. Olar Hudaýyň özleri arkaly keseki milletlere görkezen beýik alamatlaryny we mugjyzalaryny gürrüň berdiler.


Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde,


Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar.


Olar şeýle gürrüň berdiler: «Biziň ýurdumyz örän uzakda ýerleşýär, biz siziň Hudaýyňyz Rebbiň şöhratyny eşidip geldik. Biz Onuň Müsürde bitiren ähli işlerinden habarly.


Keýnlerden bolan Musanyň gaýynatasynyň nesilleri ýahudalar bilen bilelikde Palma galasyndan çykyp, Aradyň golaýynda Negepdäki Ýahuda çölüne ýaşamaga gitdiler. Ol ýerde olar amalekleriň arasynda ornaşdylar.


Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ