Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 17:9 - Mukaddes Kitap

9 Musa Ýeşuwa: «Biziň üçin adamlar saýla we git-de amalekler bilen uruş. Ertir men elime Hudaýyň hasasyny alyp, depäniň üstünde duraryn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Муса Ешува: «Бизиң үчин адамлар сайла ве гит-де амалеклер билен уруш. Эртир мен элиме Худайың хасасыны алып, депәниң үстүнде дурарын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 17:9
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi.


Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.


Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.


Reb Musa bilen edil iki dostuň biri-biri bilen gepleşişi ýaly, ýüzbe-ýüz gepleşerdi. Soňra Musa düşelgä gaýdyp gelerdi, emma onuň ýaş kömekçisi Nunuň ogly Ýeşuwa çadyrda galardy.


Alamatlary görkezer ýaly, sen bu hasany hem öz ýanyň bilen al» diýdi.


Reb Musadan: «Eliňdäki näme?» diýip sorady. Ol hem: «Hasa» diýdi.


Şeýlelikde, Musa aýalyny we ogullaryny eşege mündürip, yzyna, Müsür ýurduna gaýtdy. Ol öz ýany bilen keramatly hasany hem aldy.


Muňa Musanyň kömekçisi, onuň saýlan adamlarynyň biri bolan Nunuň ogly Ýeşuwa: «Agam, Musa, olara gadagan et!» diýdi.


Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.


Soňra bu çadyr nesilden-nesle geçip, ata-babalarymyza gowuşdy. Ýeşuwanyň ýolbaşçylygynda keseki milletleriň ýurduny eýelänlerinde, olar çadyry özleri bilen alyp gitdiler. Çadyr Dawut patyşanyň günlerine çenli şol ýerde galdy.


Musa Ýeşuwa bilen gelip, bu aýdymyň ähli sözlerini halka eşitdirip okap berdi.


Eger Ýeşuwa olary dynçlyk mekanyna ýetiren bolsady, onda Hudaý mundan soň başga gün barada söz açmazdy.


Şonda Reb Ýeşuwa: «Eliňdäki naýzany Aý galasyna tarap uzat, sebäbi Men ony seniň eliňe berjek» diýdi. Şeýlelikde, Ýeşuwa elindäki naýzasyny gala tarap uzatdy.


Ýeşuwa we ähli goşun Aý galasyna gitmek üçin ýerlerinden turdular, Ýeşuwa olaryň arasyndan otuz müň sany edermen urşujyny saýlap alyp, olary gije ugratdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ