Olar Segir daglaryndan yzlaryna öwrülip, Eýnmişpat (ýagny Kadeş) galasyna geldiler we amalekleriň tutuş topragyny basyp alyp, Haseson Tamarda ýaşaýan amorlary-da ýeňlişe sezewar etdiler.
Ähli ysraýyl halky Sin çölünden göçüp gaýtdy. Rebbiň buýrugy boýunça olar ondan-oňa göçüp-gonup, ahyry Repidimde düşlediler, emma ol ýerde adamlar üçin içmäge suw ýokdy.
Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.
Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.