Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 17:7 - Mukaddes Kitap

7 Ysraýyllar: «Reb biziň aramyzdamy ýa-da ýok?» diýip dawalaşyp, Rebbi synadylar. Şol sebäpli Musa ol ýeri Masa we Meriba diýip atlandyrdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ысрайыллар: «Реб бизиң арамыздамы я-да ёк?» дийип давалашып, Ребби сынадылар. Шол себәпли Муса ол ери Маса ве Мериба дийип атландырды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 17:7
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.


Emma adam ogly kimin siz ölersiňiz, şazadalar kimin ýykylarsyňyz».


Galk, eý, Hudaý, kazylyk et ýeriň ýüzüne çünki Seniňkidir ähli milletler.


Rebbiň adyna laýyk şöhraty beriň, gurbanlyk getirip, howlularyna giriň.


Olar Musa bilen dawalaşyp, ondan içer ýaly suw talap etdiler. Musa olara: «Näme üçin siz meniň bilen dawalaşýarsyňyz? Näme üçin siz Rebbi synaýarsyňyz?» diýdi.


Ol: «Eý, Taňry, eger men Seniň öňüňde merhemet tapan bolsam, goý, onda Taňrym biziň bilen gitsin. Bu halk boýnuýogyn bolsa-da, biziň etmişimizi, günämizi bagyşla we bizi Öz mirasdaryň edip al» diýdi.


Eý, Sion halky, heşelle kak, gygyr! Araňyzdaky Ysraýylyň Mukaddesi beýikdir!»


Onuň baştutanlary para alyp, höküm çykarýarlar, ruhanylary tölegli sapak berýärler, pygamberleri pul üçin palçylyk edýärler. Şonda-da olar Rebbe daýanyp: «Reb biziň bilendir! Başymyza hiç bela gelmez» diýýärler.


Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri


Ysraýyl halky bu ýerde Reb bilen dawa edeni üçin, bu suwuň çykan ýerine Meriba diýip at berildi. Ol ýerde Reb Öz mukaddesligini görkezdi.


«Harunyň ölüp, öz ata-babalaryna gowuşmaly wagty ýetdi. Ol ysraýyllara wada beren ýurduma girmez, sebäbi siz Meriba çeşmesiniň ýanynda Meniň buýrugyma boýun egmändiňiz.


Çünki siz ikiňiz Sin çölünde halk Meniň garşyma baş göterende, Meniň emrime garşy çykdyňyz. Çeşmäniň boýunda, olaryň gözüniň alnynda Meniň mukaddesdigimi ykrar etmediňiz». (Bu Sin çölündäki Kadeşiň golaýynda ýerleşýän Meriba çeşmesidir.)


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.


Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä, Urymyňy sadyk guluňa ber. Ony Masada synadyň, Meriba çeşmesinde söweşdiň.


Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň.


Tabgerada-da, Masada-da, Kibrothatawada-da Rebbiň gaharyny getirdiňiz.


Elgazar ruhanynyň ogly Pinehas rubenlere, gatlara we gündogardaky manaşa tiresine: «Häzir biz Rebbiň öz aramyzdadygyny bilýäris, sebäbi siz Rebbe garşy dönüklik etmänsiňiz, gaýtam, siz bütin ysraýyl halkyny Rebbiň jezalandyrmagyndan halas etdiňiz» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ