Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 17:14 - Mukaddes Kitap

14 Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Реб Муса: «Бу еңши ятдан чыкармазлары ялы китаба яз ве Ешува хем эшитдирип айт, Мен амалеклериң тохум-тиҗини ер йүзүнден сүпүрип ташлаҗакдырын» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 17:14
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şawul ölenden soň, amalekleri ýeňip, dolanyp gelen Dawut iki gün Ziklagda galdy.


Şimgonlaryň bir bölegi – erkek kişileriniň bäş ýüzüsi Ýişginiň ogullary Pelatýanyň, Negarýanyň, Repaýanyň hem-de Uzyýeliň baştutanlygynda Segir dagyna gitdiler.


Olar amalekleriň gaçyp, diri galanlaryny gyrdylar; olar şu güne çenli şol ýerde ýaşap gelýärler.


Biz ýene Seniň tabşyryklaryňy bozup, bu nejis işleri edýän halklar bilen garyndaşlyk açalymy? Seniň gahar-gazabyň biziň ýekejämizi hem aman galdyrman heläk eder.


Ýer ýüzünde olaryň atlary unudylýar, köçelerde atlary ýatlanylmaýar.


Wah, meniň sözlerim ýazylsady! Wah, olar kitaba ýazylsady!


Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri, ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.


Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Ýeşuwa amalekleri we olaryň goşunyny gylyçdan geçirip, gyran-jyran etdi.


Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi.


Reb Musa: «Kimde-kim Maňa garşy günä etse, onuň adyny kitabymdan öçürip taşlaryn.


Reb Musa ýene-de: «Şu sözleri ýaz, çünki Men seniň bilen we Ysraýyl bilen şu sözleriň esasynda äht baglaşdym» diýdi.


Dogrularyň ýatlanmagy ýalkanyşdyr, erbetleriň ady çüýreýändir.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Saňa aýdan ähli sözlerimi bir kitaba ýaz.


«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.


Soňra ol amaleklere seredip, sözüni şeýle dowam etdi: «Amalek milletleriň naýbaşysydy, emma onuň yzy müdimilik ýiter».


Musa Rebbiň emri bilen düşlän düşelgelerini her gezek ýazyp belledi. Olaryň düşlän düşelgeleri şulardyr:


Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.


Ysraýyllar üçin Rebbiň Äht sandygynyň öňünde Iordan derýasynyň suwunyň kesilendigini, Äht sandygy göterilip getirilende, suwlaryň yza çekilendigini olara gürrüň beriň. Şeýlelikde, bu daşlar ysraýyllar üçin asyrlar boýy subutnama bolar».


Reb seni ýola salyp: „Bar, şol günälileri – amalekleri gyryp, bütinleý ýok edýänçäň, olara garşy uruş“ diýipdi.


Dawut bilen onuň adamlarynyň Ziklaga gelenlerine üç gün diýende, amalekler Negep çölüne, ylaýta-da Ziklag galasynyň üstüne çozuş etdiler. Olar Ziklagy basyp aldylar we ýakyp-ýandyrdylar.


Dawut daň agarandan tä agşama çenli olary gyrdy. Düýeli gaçan dört ýüz ýigitden başga ýekeje adam-da onuň elinden gutulyp bilmedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ