Musanyň elleriniň ysgyny gaçdy. Şonda olar ony oturdar ýaly daş getirip goýup, Musany onuň üstünde oturtdylar. Harun bilen Hur onuň ellerini ýokary galdyryp, hersi bir ýandan tutup durdy. Olar tä Gün ýaşýança, onuň ellerini göterip durdular.
Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.
Olar gylyçdan geçiriler, ýesir alnyp, ähli milletleriň arasyna sürgün ediler. Keseki milletler özleriniň möhleti dolýança, Iýerusalimi ýer bilen ýegsan ederler.
Şol günüň özünde Ýeşuwa Makedany basyp aldy. Onuň ilatyny we hanyny gylyçdan geçirdi. Ol ýerde ýekeje-de diri adam goýman, hemmesini bütinleý ýok etdi. Ýeşuwa Makedanyň hanyny hem edil Ýerihonyň hanyny näme eden bolsa şonuň ýaly etdi.
Söweşiň ikinji gününde Reb Lakyşy ysraýyllaryň eline berdi. Edil Libnadaky edişleri ýaly, ysraýyllar onuň içindäki adamlaryň ählisini gylyçdan geçirdiler.
Olar galany basyp alyp, ony we onuň hanyny, obalaryny hem ondaky ähli adamlary gylyçdan geçirdiler. Edil Eglondaky ýaly edip, olar galanyň içinde ýekeje-de diri adam galdyrman, bütinleý ýok etdiler.
Şol bir wagtyň özünde Ýeşuwa ol ýerleriň ähli hanlaryny we olara degişli ýerleri basyp aldy, sebäbi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň hut Özi Ysraýyl üçin söweşdi.