Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 16:4 - Mukaddes Kitap

4 Reb Musa: «Ine, Men size gökden çörek ýagdyrjak. Adamlar her gün gündelik paýyny ýygnamaga çykarlar. Men olary şeýle synap, Meniň kanunym boýunça ýörejegini ýa ýöremejegini bilerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Реб Муса: «Ине, Мен сизе гөкден чөрек ягдырҗак. Адамлар хер гүн гүнделик пайыны йыгнамага чыкарлар. Мен олары шейле сынап, Мениң кануным боюнча йөреҗегини я йөремеҗегини билерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 16:4
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa tarapyndan olara degişli ýörite perman bardy we aýdymçylaryň her güni üçin azyk harjy bellenipdi.


Ajyganlarynda, gökden çörek inderdiň, suwsanlarynda, gaýadan suw çykardyň. Berjek diýip wada eden ýurduňy gidip eýelemegi Sen olara emr etdiň.


Olara öwüt bermek üçin paýhasly Ruhuňy berdiň. Mannany olaryň agzyndan kesmediň, suwsanlarynda suw berdiň.


Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.


Musa Rebbe perýat etdi. Reb oňa agaç bölegini görkezdi. Ol ony suwa taşlady welin, suw süýji suwa öwrüldi. Şol ýerde Reb olar üçin parzlar we hökümler berip, olary synady.


Ysraýyllar muny görende, biri-birlerinden: «Bu näme?» diýşip soradylar. Çünki olar munuň nämedigini bilmeýärdiler. Musa olara: «Bu size Rebbiň iýmäge beren çöregi.


Galplygy, ýalan sözlüligi menden daş et, meni garyp hem, baý hem etme. Dok bolup: «Rebbim kim?» diýip, Seni inkär etmezim ýaly, garyplykda ogurlyk edip, Hudaýymyň adyna ysnat getirmezim ýaly, ýeterlik paýymy ber meniň.


Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.


Olaryň bary gökden inen şol bir iýmiti iýdiler.


Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ