Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 16:34 - Mukaddes Kitap

34 Rebbiň Musa buýruşy ýaly, Harun ony saklamak üçin, Äht sandygynyň öňünde goýdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

34 Реббиң Муса буйрушы ялы, Харун оны сакламак үчин, Әхт сандыгының өңүнде гойды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 16:34
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.


Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň.


Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý.


Çyra Rebbe ýüz tutulýan çadyrda, Äht sandygynyň öňündäki tutynyň daş ýüzünde ýanyp dursun. Harun we onuň ogullary çyrany Rebbiň huzurynda ertirden agşama çenli ýaksynlar. Bu ysraýyllar üçin nesilme-nesil dowam etjek ebedilik düzgün bolsun.


Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar.


Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn.


Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.


Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.


Ol Äht ýazgysyny alyp, sandygyň içinde goýdy we sandygyň syryklaryny dakyp, onuň üstüniň gapagyny ýapdy.


Oňa derek olary mukaddes äht çadyryna, onuň ähli esbaplaryna we oňa degişli zatlaryň hemmesine jogapkär edip goý. Mukaddes çadyry we onuň ähli esbaplaryny olar götersinler we oňa gözegçilik etsinler, öz çadyrlaryny onuň töwereginde diksinler.


Emma lewiler ysraýyl halkynyň başyna Hudaýyň gazaby inmez ýaly, çadyrlaryny mukaddes äht çadyrynyň töwereginde diksinler. Mukaddes äht çadyryny goramak keşigini-de lewiler çeksinler».


Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler».


Men dagdan aşak düşdüm we daşlary sandyga saldym. Rebbiň maňa buýruşy ýaly, daşlar häzir hem ol ýerde dur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ