Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 16:12 - Mukaddes Kitap

12 «Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 «Мен ысрайылларың налышыны эшитдим. Олара айт: агшамына эт иерсиңиз, эртирине болса чөрекден доярсыңыз. Шонда сиз Худайыңыз Реббиң Мендигими билерсиңиз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 16:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi.


Reb Öz halkyna garşy gazaba mündi, saýlap-seçen halkyny Ol ýigrenç saýdy.


Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer.


Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.


Daýhanlar bilen sürülerini bakýan çopanlar Ýahudada we onuň şäherlerinde bile ýaşarlar.


Şonda özleriniň Hudaýy Men-Rebbiň olar bilen biledigimi, ysraýyl halkynyň bolsa Meniň halkymdygyny bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim».


Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler.


«Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Sionda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.


Hudaýyňyz Reb Mendirin. Şonuň üçin hem siz tämizlenip, mukaddes boluň, çünki Men mukaddesdirin. Guryýer süýrenijilerini iýip, özüňizi haram etmäň.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Ysraýyllaryň arasyndaky gelmişeklerden ýygnananlaryň açgözlügi artdy. Hatda ysraýyllar hem sojaşyp, şeýle eňreýärdiler: «Wah, indi et iýmäge-de zar bolduk.


«Bu azgyn halk haçana çenli Meniň garşyma şikaýat etjekkä? Men ysraýyllaryň Meniň garşyma şikaýat edip hüňürdeşýändiklerini eşitdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ