Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 15:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Я Реб, Сениң саг голуң гүйч-гудратда шөхратлыдыр. Я Реб, Сениң саг голуң душманы мынҗырадяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 15:6
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gam-gussamyň içinde Rebbi çagyrdym, öz Hudaýyma men perýat etdim. Ol ybadathanasyndan meň sesimi eşitdi; Onuň gulagyna perýadym ýetdi.


Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym-pytrak edersiň».


Reb ýagşy hem-de dogrudyr Ol günäkärlere Öz ýoluny öwredýär.


Ynsan ogullarynyň içinde iň görmegeýi sen, merhemet saçylýar seniň diliňden; şoňa görä Hudaý seni baky ýalkady.


Eý, edermen, dak gylyjy biliňe, beslen şöhratyňa hem-de şanyňa.


Men çadyryňda baky mesgen tutaýyn, ganatlaryňyň astynda pena tapaýyn. Sela


Ol erbetleriň ähli kuwwatyny syndyrar, dogrularyň kuwwatyny bolsa Ol belende galdyrar.


Olar Hudaýyň ähtini saklamadylar, Onuň kanunyna görä ýöremekden ýüz döndürdiler.


Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.


Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn! Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar.


Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.


Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Döwlüşi küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi kimindir; ol şeýle bir pytrar welin, döwükleriň arasynda ojakdan ot almaga, guýudan suw almaga ýarajak bölek tapylmaz».


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Ähli milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Parçalanjakdyr Rebbiň garşysyna çykanlar. Olaryň garşysyna Gökde Ol nagra dartar. Zeminiň çar künjünde Reb höküm eder. Ol Öz patyşasyna güýç-kuwwat berer, Öz seçip-saýlan patyşasyna ýeňiş getirer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ