Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 15:16 - Mukaddes Kitap

16 Seniň goluň gudratyndan, olaryň üstüne howp we gorky inýär. Öz azat eden halkyň geçip bolýança, olar daş kimin doňýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Сениң голуң гудратындан, оларың үстүне ховп ве горкы инйәр. Өз азат эден халкың гечип болянча, олар даш кимин доңярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 15:16
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra olar ýola düşdüler. Ýakubyň ogullaryny hiç kim yzarlamaz ýaly, töwerekdäki galalaryň ählisiniň ilatyny Hudaýyň gorkusy gaplady.


Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň.


Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar.


Eý, Hudaý, Saňa şükür edýäris, Sen Öz barlygyňy aýan edýäň, şükür edýäris, Biz Seniň gudratlaryň hakda aýdýarys.


Uzakly gün şatlanyp, begener ýaly, ir säherde sadyk söýgiň bilen bizi hoşwagt eýle.


Emma ysraýyllaryň ýekeje adamyna-da, malyna-da zelel ýetmez, hatda olara it hem üýrmez. Şonda siz Men Rebbiň müsürliler bilen ysraýyllaryň arasynda tapawut goýýandygymy bilersiňiz“».


Sadyk söýgiň bilen azat eden halkyňa baş bolduň. Beýik güýjüň bilen olara Mukaddes mekanyňa ýol görkezdiň.


Olary tolkunlar gaplap, daş kimin çuň düýbe çökdüler.


Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.


Musa Rebbiň ysraýyllar üçin faraona we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


«Sizi ýolda gorar ýaly we taýýarlan ýerime getirer ýaly, Men siziň öňüňizden perişde iberýärin.


Eger siz oňa boýun bolup, Meniň ähli aýdanlarymy berjaý etseňiz, onda Men siziň duşmanlaryňyza duşman, ýagylaryňyza ýagy bolaryn.


Men Öz haýbatymy siziň öňüňizden ugradaryn. Siziň garşyňyza çykan her bir halky aljyraňňylyga salyp, ähli duşmanlaryňyzy ýeňse berip gaçar ýaly ederin.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Deňzi, uly çuňlugyň suwlaryny guradan, azat edilenler geçsin diýip, deňziň çuň ýerlerini ýola öwren Sen dälmidiň?


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


Çünki Reb Ýakuby halas eýledi, ony özünden güýçliniň elinden azat etdi.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.


Garşyňyzda hiç kim durup bilmez. Özüniň söz berşi ýaly, Hudaýyňyz Reb siziň aýak basjak ähli ýeriňize gorky we howsala salar.


Şu günden başlap, Men ýer ýüzündäki ähli halkyň üstünden gorky we howp salaryn. Seniň adyňy eşidenlerinde, olar gorkudan ýaňa titreşer durarlar“».


we adamlardan şulary talap et: ‘Siz häzir Segirde ýaşaýan garyndaşlaryňyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçmeli. Olar sizden gorkarlar, şonuň üçin siz örän seresap boluň.


Eý, akmak hem nadan halk, şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi ýaradyp, berkarar eden, Ol – Atamyz dälmi?


Öz halkydyr Rebbiň paýy, öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.


Isa Mesih bizi ähli günälerden halas etmek üçin, Özüni gurban etdi. Ol muny Özüne ýagşylyk etmekde erjel, päk, eziz bir halky gazanmak üçin etdi.


we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.


Ol muny ýer ýüzündäki ähli halklar Rebbiň beýik gudratyny bilsin diýip etdi. Şeýle-de Ol muny Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagyňyz üçin etdi».


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Öňler halk arasynda galp pygamberleriň bolşy ýaly, siziň araňyzda-da galp mugallymlar peýda bolar. Olar heläkleýji we ýalan taglymatlar getirmek bilen, özlerini ýesirlikden boşadan Rebbi-de inkär ederler. Şeýdip, öz başlaryndan duýdansyz bela-beter indererler.


Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.


Ertesi irden, serhoşlykdan açylansoň, bolan işleriň baryny aýaly oňa gürrüň berdi. Bu zatlary eşiden Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa döndi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ