Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 15:1 - Mukaddes Kitap

1 Soňra Musa bilen ysraýyllar Rebbe bagyşlap, şu nagmany aýtdylar: «Men Rebbe nagma aýdaryn. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Соңра Муса билен ысрайыллар Реббе багышлап, шу нагманы айтдылар: «Мен Реббе нагма айдарын. Ол шөхратлы еңиш газанды. Аты чапыксувары билен деңзе гапгарды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 15:1
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.


Hudaýyň işlerini öwmegi unutma, ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.


Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler.


Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi: ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.


Wada berdi Hudaý Öz mukaddes öýünden: «Uly şatlyk bilen Men Şekemi bölerin hem-de Sukot deresini ölçärin.


Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.


Gadymy günler, köne döwür barada oýa batýaryn.


Ýatlaýaryn, gijesine öz ýüregim bilen söhbet edýärin oýlanýaryn, ruhum içgin-içgin çintgeýär:


Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi.


Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady.


Merýem olara şu aýdymy aýtdy: «Rebbe nagma aýdyň. Ol şöhratly ýeňiş gazandy. Aty çapyksuwary bilen deňze gapgardy».


Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.


Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.


Eý, deňiz syýahatçylary, deňziň içindäkiler, adalar we onda ýaşaýanlar, Rebbe täze aýdym aýdyň, ýeriň aňry ujundan öwgüler aýdyň!


Seniň bilen atlary we çapyksuwarlaryny gyraryn, seniň bilen söweş arabalaryny we arabaçysyny gyraryn.


«Dilinden Bagal butlaryň atlaryny aýraryn, olaryň atlaryny gaýdyp tutmazlar.


men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar.


Şonda olar şu aýdymy aýtdylar: «Suwlaryň joşsun, eý, guýy! Munuň şanyna aýdym aýdalyň!


Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.


Olar Hudaýyň guly Musanyň we Guzynyň aýdymyny aýdýardylar: «Ýa Reb Hökmürowan Hudaý! Seniň işleriň beýik, täsindir. Eý, milletleriň Şasy! Seniň ýollaryň dogry we hakdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ