Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 14:8 - Mukaddes Kitap

8 Reb Müsür şasy faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Реб Мүсүр шасы фараоны доңйүрек этди. Ол Реббиң горагы астында гайдан ысрайылларың ызындан ковалап гайтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 14:8
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol ençeme gezek olary halas eýledi, emma olar pällerinden ýaňa baş galdyrdylar, öz günäleri zerarly kemsidildiler.


Emma Reb faraony doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.


Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».


Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňze gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Faraonyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.


Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.


Ol alty ýüz sany iň saýlama söweş arabalaryny we Müsüriň ähli beýleki söweş arabalaryny aldy. Olaryň hersiniň öz onbaşysy bardy.


Duşman diýdi: „Kowalaryn, yzlaryndan ýeterin. Oljasyny bölüp, teşneligimi gandyraryn. Gylyjymy ýalaňaçlap, olary ýok ederin“.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Emma Reb faraony doňýürek etdi. Ol Rebbiň Musa aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Ýüreklerine howsala sal. Goý, näletiň olaryň üstünden insin!


Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.


ysraýyllar birinji aýyň on bäşine Pesah baýramynyň ertesi güni müsürlileriň gözüniň alnynda arkaýynlyk bilen Ragmeses galasyndan çykyp gaýtdylar.


Ine, ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Olar Müsürde ýaşan döwründe Hudaý olardan beýik bir halk ýaratdy. Soňra beýik gudraty bilen olary Müsürden alyp çykdy.


Reb Öz gudraty we güýji bilen, äpet elhençlikleriniň güýji bilen, alamatlary we mugjyzalary bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi.


Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.


Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.


Men bolsa harby serkerde Siserany, onuň söweş arabalaryny, agyr goşunyny Kişon derýasyna tarap getirip, seniň eliňe berjek“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ