Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler.
Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada beren ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».
Gazanyň ilaty: «Şimşon bärik gelipdir» diýşip, töwerekde gaýmalaşdy. Olar: «Jahan ýagtylýança garaşarys, ony öldüreris» diýip, uzynly gije galanyň derwezesini garawulladylar.
Onuň gizlenip biläýjek ýerleriniň ählisini gözden geçiriň we anygyna ýetiň-de, maňa belli habar getiriň. Şondan soň men siziň bilen bile giderin. Eger ol ýurduň bir ýerinde bar bolsa, men ony tutuş Ýahudadan taparyn».
Dawudyň Kegila gelendigini Şawula habar berdiler. Şawul: «Ony Hudaý meniň elime berdi, çünki ol meniň derwezeli, kiltli galama girip, öz-özüni tora salypdyr» diýdi.