Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 13:9 - Mukaddes Kitap

9 Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Гой, бу байрам элиңизе багланан ялы я-да маңлайыңыза даңлан ялы бир ятлама аламаты болсун. Бу болса Реббиң канунының элмыдама дилиңизде болмагыны ятладар, чүнки Реб сизи гудратлы голы билен Мүсүрден алып чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 13:9
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.


Dolan, ýa Reb! Haçana çenli biz garaşmaly? Öz bendeleriňe et Sen rehimi!


Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.


Reb bizi Öz gudratly güýji bilen Müsürden alyp çykandygy üçin, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir belgi bolsun».


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.


faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.


Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar.


Oglum, danalygy, akyllylygy gorap sakla, gözüňden salma.


Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.


Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Biri: „Men Rebbiňki“ diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri: „Rebbiňki“ diýip ýazar eline, özüni Ysraýyl diýip atlandyrar».


Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


«Meniň bolsa, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: üstüňizdäki Ruhum, agzyňyza salan sözlerim şu günden ebedä çenli öz diliňizden, zürýatlaryňyzyň dilinden, zürýatlaryňyzyň zürýatlarynyň dilinden düşmesin». Muny Reb aýdýandyr.


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


Her gezek gotazjyklara gözüňiz düşende, siz Rebbiň ähli tabşyryklaryny ýada salarsyňyz we olary berjaý edersiňiz, ýüregiňiziň we gözleriňiziň islegine kowalaşmarsyňyz.


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Şeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr.


Ýok, bu sözler size juda ýakyndyr. Ýerine ýetirmegiňiz üçin bu siziň agzyňyzda we ýüregiňizdedir.


Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy.


siz olara şeýle jogap beriň: „Biz Müsürde faraonyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi.


Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň.


Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle.


Şoňa görä, bir günüň içinde ölüm, ýas, açlyk belasy başyna iner, ony ot ýakyp köýdürer. Çünki ony höküm eden Hudaý güýçlüdir!


Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ