Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 13:5 - Mukaddes Kitap

5 Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Реб сизиң ата-бабаларыңыза сөз берен сүйт ве бал акян мес топраклы юрт болан кенганларың, хетлериң, аморларың, хивилериң ве ябусларың юрдуна гетирен вагты хем сиз шу айда бу байрамы белләрсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 13:5
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Siziň özüňiz we ogullaryňyz bu baýramy ebedilik parz hökmünde bellemelisiňiz.


Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».


«Reb size we ata-babalaryňyza söz berşi ýaly, sizi kenganlaryň ýerine getirip, ony size berende,


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.


Öz gullaryň Ybraýymy, Yshagy we Ysraýyly ýadyňa sal. Seniň Özüň olara: „Men siziň nesilleriňizi asman ýyldyzlary deý köpelderin we nesilleriňize söz beren bu ähli ýeri size berjek. Olar ony müdimilik miras alarlar“ diýipdiň».


Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň.


Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Men olara gelmişek bolup ýaşan ýurdy bolan Kengan topragyny bermegi äht etdim.


Men sizi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerime elterin we Men size ol ýeri eýelemäge berjekdirin. Men Rebdirin“».


Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.


Ata-babalaryna wada eden bu süýt we bal akýan ýurdy olara berdiň.


Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.


Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Bu giden halky garnymda göterip, men dogrupmydym näme? Sen maňa: „Olary süýtden aýrylmadyk çagany enekesiniň göterişi deý, gujagyňda göter“ diýer ýaly, olaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýurduňa çenli meniň göterip barmagymy isleýärmiň?


Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.


„Reb olary ant içip söz beren ýurduna getirip bilmändigi üçin, olary çölde gyrgyna berdi“ diýip aýdarlar.


hiç biri Meniň size ornaşmaga söz beren ýurduma girmez. Oňa diňe Ýepunnäniň ogly Kalep bilen Nunuň ogly Ýeşuwa girip biler.


„Müsürden çykan ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada beren ýurdumy görmez. Çünki olar Maňa bütin kalplary bilen ynanmadylar.


Hudaýyňyz Reb siziň eýelejek ýeriňizdäki halklary siziň öňüňizden ýok edende we olary kowup çykaryp, ýerine özüňiz ornaşanyňyzda


Hudaýyňyz Reb size berjek ýurdunyň halklaryny ýok edende, siz olary kowup çykaryp, olaryň galalarynda we öýlerinde ornaşanyňyzda,


Hudaýyňyz Rebbiň mülk edip berýän ýurduna gelip, ol ýerde ornaşanyňyzda,


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ