Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 13:18 - Mukaddes Kitap

18 Şeýdip, Hudaý ysraýyllary Gyzyl deňze gidýän çöllükden alyp gitdi. Ysraýyllar Müsürden urşa taýýar bolup, ýaragly çykypdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шейдип, Худай ысрайыллары Гызыл деңзе гидйән чөллүкден алып гитди. Ысрайыллар Мүсүрден урша тайяр болуп, яраглы чыкыпдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 13:18
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň».


Öz söýýänleriňiň gutulyp bileri ýaly, goluň bilen halas et, maňa jogap ber.


Çünki Seniň hatyraň üçin masgara boldum, meniň ýüzümi utanç büredi.


Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.


Faraonyň ähli söweş arabalary, olaryň üstündäki esgerleri bilen birlikde tutuş pyýada goşun bolup, müsürliler olaryň yzyndan kowdular. Olar deňziň kenarynda, Bagalseponyň golaýyndaky Pihahyrotda düşlän ysraýyllaryň yzyndan kowup, olara golaý geldiler.


Patyşa özi üçin köp at edinmesin ýa-da özüne köp at edinmek üçin, yzyna Müsüre adamlaryny ibermesin. Çünki Reb size: „Indi siz hiç haçan yzyňyza dolanmarsyňyz“ diýipdi.


Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, gözüniň göreji deý gorap saklady.


Siziň aýallaryňyz, çagalaryňyz we mal-garalaryňyz, goý, Iordan derýasynyň gündogar tarapynda – Musanyň size beren ýerinde galsyn. Emma araňyzdaky ähli urşujylar ýaraglanyp, doganlaryňyzyň öňünden derýadan geçsinler.


Rubenler, gatlar we gündogardaky manaşa tiresi Musanyň aýdyşy ýaly, ýaraglanyp ysraýyllaryň öňünden geçdiler.


Güýçli urşujylaryň kyrk müňe golaýy Rebbiň huzurynda söweşe taýýar bolup, Ýeriho düzlügine geldiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ