Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 13:14 - Mukaddes Kitap

14 Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Хер хачан оглуң сенден мунуң нәмәни аңладяндыгыны соранда, оңа шейле дий: „Реб Өз гудратлы голы билен бизи гул болуп яшан юрдумыз Мүсүрден алып чыкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 13:14
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soň sen şol berenleriňi görmäge geleniňde, meniň dogruçyldygymy görersiň. Eger meniň sürimde tegmiltsiz ýa-da meneksiz geçiler we gara däl goýunlar tapylaýsa, şonda sen olary ogurlyk hasaplap bilersiň».


Eý, Rebbiň bendesi Ysraýylyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli! Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.


Olar Seniň beýik güýjüň, gudratyň bilen halas eden Öz gullaryň we halkyňdyr.


Olaryň jany çykyp, topraga gaýdyp baranda, şol günüň özünde niýetleri puç bolýar.


Goňşularymyza bolduk biz gülki, töweregimizdäkilere – ryswa, oýnatgy.


Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Ýedilenji gün bolsa ogluňa: „Men bulary Müsürden çykanymda Rebbiň maňa edenleriniň hatyrasy üçin şeýle edýärin“ diýip gürrüň ber.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


«Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Men sizi Öz halkym edip kabul ederin we Men siziň Hudaýyňyz bolaryn. Onsoň sizi Müsür gulçulygyndan boşadan Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz.


Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýdi: «Men ata-babalaryňyzy Müsür ýurdundan, ýagny gul bolup ýaşan ýurdundan çykaran günüm olar bilen äht baglaşyp, şeýle diýipdim:


Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.


Ine, ysraýyl halkynyň Hudaýy biziň ata-babalarymyzy saýlady. Olar Müsürde ýaşan döwründe Hudaý olardan beýik bir halk ýaratdy. Soňra beýik gudraty bilen olary Müsürden alyp çykdy.


Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy.


„Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin.


gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.


Hakykatda bolsa, biz muny ätiýaçlyk üçin etdik, sebäbi wagt geler, şonda siziň nesilleriňiziň biziň nesillerimizden: „Ysraýyl Hudaýy Reb bilen siziň näme işiňiz bar?“ diýip sorarlar.


Hudaýymyz Rebbiň Özi bizi we ata-babalarymyzy Müsür gulçulygyndan alyp çykdy we gözümiziň alnynda köp gudratly işleri etdi. Biziň ýöräp geçen bütin ýollarymyzda, ähli milletleriň arasynda Reb biziň janymyzy aman saklady.


Bu daşlar siziň üçin ýadygärlik bolsun. Geljekde çagalaryňyz sizden bu daşlaryň nämäni aňladýandygyny soranlarynda, bular size subutnama bolar.


Olar ata-babalaryny Müsürden çykaran öz Hudaýy Rebbi terk edip, daş-töweregindäki ähli goňşy milletleriň hudaýlaryna sygyndylar, olara baş egip sežde etdiler. Şeýdip, olar Rebbiň gaharyny getirdiler.


Şol pygamber olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ