Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 13:12 - Mukaddes Kitap

12 siz ilkinji doglan her bir erkek göbeklini Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz. Mallaryňyzyň ähli ilkinji erkek doglanlary Rebbiňkidir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 сиз илкинҗи доглан хер бир эркек гөбеклини Реббиң хузурына гетирмелисиңиз. Малларыңызың әхли илкинҗи эркек догланлары Реббиңкидир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 13:12
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kanunda ýazylyşy ýaly, nowbahar ogullarymyzy Hudaýyň öýünde hyzmat edýän ruhanylaryň ýanyna getirip, ilkinji mal-garalarymyzy, sürülerimiziň ilki bolan öküzçelerini, goýun-geçilerimiziň ilkinji erkek owlak-guzularyny olara eltip bereris.


Her ýyl ilkinji galladan edilen hamyry, öz sadakalarymyzy, dürli miweleri, täze şeraby, ýagy ruhanylara, Hudaýymyzyň öýüniň ammarlaryna tabşyrarys. Ýerimizden önýän hasylyň ondan bir bölegini lewilere bereris. Çünki galalarymyzda lewiler hasylyň ondan birini ýygnaýarlar.


Soňra Reb Musa: «Ilkinji doglan ähli erkek göbeklileri Maňa bagyş ediň. Ysraýyllaryň göwresinden ilkinji dünýä inen her bir ogul, şeýle hem, olaryň mallarynyň hem ilkinji erkek guzlany Meniňkidir» diýdi.


Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.


Hasylyňyzyň üzüm şerbedinden we zeýtun ýagyndan bermeli sadakalaryňyzy gijikdirmän beriň. Nowbahar ogullaryňyzy Maňa bagyş ediň.


Ähli ilkinji doglan erkekler Meniňkidir. Siziň sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň hem ilkinji erkek guzlanlary Meniňkidir.


Eşegiň ilkinji kürrelän erkek kürresini goýnuň ilkinji toklusy bilen çalşyp, yzyna satyn alyň. Eger çalyşmasaňyz, onda onuň boýnuny omruň. Ähli nowbahar ogullaryňyzy hem çalşyp, yzyna satyn alyň. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy!


Ähli zatlaryňyzyň ilkinji hasyly we ähli sadakalaryňyz ruhanylaryňky bolar. Öýüňize bereket iner ýaly, ilkinji galladan edilen hamyry ruhanylara beriň.


Mal-garanyň ilkinji doglany Rebbiňkidir. Ony hiç kim Rebbe bagyş edip bilmez. Öküz bolsun, owlak-guzy bolsun – parhy ýok, olar Rebbiňkidir.


Ynsan bolsun, haýwan bolsun, parhy ýok, Rebbe hödür edilýän her jandaryň ilkinji erkek doglan çagasy seniňki bolar. Emma ynsanyň we haram mallaryň ilkinji erkek doglan çagasyny yzyna satyn almalysyň.


«Men lewileri ysraýyllaryň nowbahar ogullaryna derek kabul edip aldym. Lewiler Meniňkidir,


çünki nowbahar ogullaryň bary Maňa degişlidir. Müsürde nowbahar ogullary öldüren günüm, Ysraýylda haýwanu-ynsanyň ilkinji doglanlarynyň baryny Özüme bagyş etdim. Olar Meniňkidir. Men Rebdirin».


Çünki ysraýyllaryň arasynda haýwan bolsun, ynsan bolsun parhy ýok, ilkinji doglanlar Rebbiňkidir. Müsür ýurdunda nowbahar ogullary gyran güni, Reb olary Özüne bagyş etdi.


Kanunda: «Ilkinji doglan her bir erkek göbekli Rebbe bagyş edilmeli» diýip ýazylandyr.


Mal-garalardyr dowarlaryňyzyň ilkinji guzlan erkegini Hudaýyňyz Reb üçin aýryp goýuň. Sygryňyzyň ilkinji gölelän öküzçesine iş etdirmäň, dowaryňyzyň ilkinji guzlan goçuny gyrkmaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ