Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 13:10 - Mukaddes Kitap

10 Şonuň üçin hem siz her ýyl şol bir belli wagtda bu kanuny ýerine ýetirmelisiňiz».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шонуң үчин хем сиз хер йыл шол бир белли вагтда бу кануны ерине етирмелисиңиз».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 13:10
8 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Şeýle hem, siz Petir baýramyny-da bellemelisiňiz, sebäbi Men sizi Müsürden topar-topar edip, hut şol gün alyp çykdym. Şonuň üçin hem siz bu güni nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklamalysyňyz.


Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, muny Rebbe bagyş edýän gijesidir.


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Şu aýyň on bäşi Rebbiň Petir baýramydyr. Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ