Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 12:3 - Mukaddes Kitap

3 Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Ысрайыл халкына айт, гой, шу айың онунҗы гүни хер бир машгалабашы өз хоҗалыгы үчин соймага бир җанлы сайлап алсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 12:3
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk janlysy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.


Habyl hem öz sürüsiniň ilkinji doglanlarynyň semizlerinden Rebbe sadaka getirdi. Reb Habyly we onuň sadakasyny kabul etdi.


Ýoşyýa Pesah gurbanlygy üçin şol ýerdäki halkyň ählisine otuz müň owlak-guzy hem-de üç müň öküz berdi. Bularyň ählisi onuň öz mallaryndandy.


«Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy bolar.


Soňra Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: «Heriňiz maşgalaňyza görä özüňize janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň.


Eger bir hojalyk bir janlyny iýerden kiçi bolsa, onda olar özleriniň iň ýakyn goňşusy bilen bilelikde, hersiniň maşgala agzalaryna görä bir janlyny öz aralarynda paýlaşsynlar.


Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer.


Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler.


Olar Musa: «Bize sen geple, biz eşideris, ýöne, goý, Hudaý bize geplemesin, ýogsam, biz öleris» diýdiler.


Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi bäşinji ýylynyň birinji aýynyň onuna Iýerusalim şäheriniň ýykylmagynyň on dördünji ýyly, edil şol gün Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni şol ýere äkitdi.


«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler.


Ol eden günäsi üçin töleg hökmünde sürüden bir urkaçy janlyny: goýny ýa-da geçini Rebbe günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany günä gurbanlygy üçin berlen goýun ýa-da geçi bilen günälini günäsinden saplasyn.


Her bir öküzi, goçy, erkek toklyny ýa-da owlagy sadaka bereniňizde şeýle ediň.


Ertesi güni Ýahýa öz ýanyna gelýän Isany görüp, şeýle diýdi: «Ine, dünýäni günäden saplaýan Hudaýyň Guzusy!


Ol geçip barýan Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi.


Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi.


Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi.


Petirlik hamyr bolup bileriňiz ýaly, köne hamyrmaýany aýryp taşlaň. Aslynda şol petirlik hamyr sizsiňiz! Çünki biziň Pesah janlymyz – Isa Mesih eýýäm gurban edilendir.


Şonuň üçin hem ertir irden öz ähli tireleriňiz aýry-aýrylykda tire-tire bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen tiräm urug-urug bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen urugym bolsa maşgala-maşgala bolup öňe çyksyn. Meniň görkezen maşgalam bolsa, goý, her biri ýeke-ýekeden öňe çyksyn.


Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir ynsan bu jandara sežde eder. Bu jandara diňe dünýä ýaradylmazdan öň atlary Ýaşaýyş kitabyna ýazylan adamlar sežde etmez. Ýaşaýyş kitaby damagy çalnan Guzynyňkydyr.


Şamuwel heniz otukmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ