Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 12:2 - Mukaddes Kitap

2 «Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 «Бу ай сизиң үчин айларың башлангыҗы болар. Сизиң үчин бу ай йылың илкинҗи айы болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 12:2
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kserks patyşanyň şalygynyň on ikinji ýylynyň birinji aýy bolan Nisan aýynda, şu dildüwşügiň amala aşyryljak aýyny we gününi bilmeklik üçin, olar Hamanyň öňünde pur, ýagny bije atdylar. Bije on ikinji aý bolan Adar aýynyň on üçüne düşdi.


Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz.


Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn.


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Bu gün siz Müsürden Abyp aýynda çykýarsyňyz.


Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Petir baýramyny belläň. Meniň size buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, sebäbi siz Müsürden Abyp aýynda çykdyňyz.


Ikinji ýylyň birinji aýynyň birinji güni mukaddes çadyr guruldy.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birinji aýyň birine şikessiz bir öküzçe al-da, mukaddes öýi tämizle.


Birinji aýyň on dördüne siziň üçin Pesah baýramy ýedi günlük baýram bolar; onda petir iýilmelidir.


Birinji aýyň on dördüne Gün ýaşandan soň, Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin.


Birinji aýyň on dördüne Rebbe Pesah gurbanlygy hödür edilsin.


Abyp aýynda Hudaýyňyz Rebbiň hormatyna Pesah baýramyny beriň. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden Abyp aýynda gije çykaryp getirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ