Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 12:16 - Mukaddes Kitap

16 Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Биринҗи гүнде ве единҗи гүнде сиз мукаддес йыгнанышык этмелисиңиз. Шол гүнлер екеҗе иш хем эдилмели дәлдир, диңе өз ийҗек затларыңызы тайярлаң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 12:16
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Musa şeýle diýdi: «Rebbiň buýrugy şudur: ertir dynç alyş güni, bu Rebbe bagyş edilen mukaddes Sabat günüdir. Bişirjek zatlaryňyzy bişirip, gaýnatjak zatlaryňyzy gaýnadyň. Artan zatlaryňyzyň hemmesini ertir daňdana alyp goýuň».


Serediň! Men size Sabat gününi berdim. Şonuň üçin hem altynjy gün Men size çöregi iki günlük edip berýärin. Ýedinji gün her kim öz ýerinde galsyn, hiç kim daşary çykmasyn» diýdi.


Altynjy gün olar gündelik ýygnaýan paýy bilen deňeşdirende iki esse köp ýygnap, iki günlügini taýýarlap goýsunlar» diýdi.


Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüň, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek hijisi bir iş hem etmesin.


Petir baýramyny belläň. Meniň size buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, sebäbi siz Müsürden Abyp aýynda çykdyňyz.


Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.


Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


«Ýedinji aýyň onunjy güni günäden saplanma günüdir. Şol gün siziň üçin mukaddes ýygnanyşyk güni bolsun. Siz gije-gündiz agyz bekläp, Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlygy hödürläň.


Onuň birinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.


Şu günleriň ilkinji güni siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň.


Ýedinji gün bolsa mukaddes ýygnanyşyk geçirsinler we şol gün işlemesinler.


Ilkinji Hasyl baýramy güni, ýagny Galla baýramynda täze bugdaýdan Rebbe galla sadakasyny hödür edeniňizde, mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň.


Ýedinji aýyň birinji gününde siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň we şol gün işlemäň. Bu gün siziň üçin surnaý çalynýan gündür.


Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.


Şol gün Taýýarlyk günüdi, ertesi bolsa esasy gün – Sabat günüdi. Şol sebäpden Sabat güni jesetler haçda galmaz ýaly, ýahudylaryň baştutanlary Pilatdan haça çüýlenenleriň injiklerini döwüp, jesetleri aşak düşürtmegi haýyş etdiler.


Alty günläp petir iýiň, ýedinji gün bolsa Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes ýygnanyşyk ediň, başga hiç iş etmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ