Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 12:12 - Mukaddes Kitap

12 Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Шол гиҗе Мен Мүсүриң ичине айланып, мүсүрлилериң әхли новбахар огулларыны, адамларындан тә малларына ченли илкинҗи доглан эркеклерини өлдүрерин. Мен Мүсүриң әхли худайларының үстүнден хөкүм чыкарарын. Мен Ребдирин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 12:12
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Piliştliler butlaryny taşlap gitdiler; butlar Dawudyň buýrugy bilen ýakyldy.


Gündiz höküm sürer ýaly Güni ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Olar bir çukura tüýkürip, dil birikdirýär hem-de Saňa garşy äht baglaşýar:


Kemakyl adam muny bilmeýär, akmak muňa hiç düşünmeýär.


Milletlere yglan ediň şan-şöhratyny, ähli halklara – gudratly işlerini.


Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ölüm perişdesi rugsat etmez.


Indi men Rebbiň beýleki ähli hudaýlardan beýikdigini bilýärin, sebäbi Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.


Hudaýa sögme. Öz halkyňyň ýolbaşçysyny näletleme.


Ertesi gün Reb bu işi etdi: müsürlileriň ähli mallary gyryldy, emma ysraýyl mallarynyň ýekejesi hem ölmedi.


Müsür baradaky pygamberlik: Ine, ýyldam buluda atlanyp, Müsüre gelýär Reb, Müsür butlary titreşerler, müsürlileriň ýürekleri ýarylar huzurynda Onuň.


Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar.


Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Tebes şäheriniň hudaýy Amony, faraony, Müsüri, onuň hudaýlaryny, patyşalaryny jezalandyraryn. Faraona bil baglanlary


Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Tutuş üzüm baglaryňyzda perýat ederler, çünki siziň araňyzdan Men geçerin». Muny Reb aýdýandyr.


Reb olaryň ýüreklerini ýarar! Ol dünýäniň ähli hudaýlaryny ýok eder, öz ýaşaýan ýurdunda her millet Rebbe sežde eder.


Ol wagt müsürliler Rebbiň gyran nowbahar ogullaryny jaýlaýardylar. Reb hatda olaryň hudaýlaryny-da jezalandyrypdy.


Aşdotlylar ertesi irden turup görseler, Dagon buty Rebbiň sandygynyň öňünde ýüzin düşüp ýatan eken. Olar buty galdyryp, ýene öz ýerinde oturtdylar.


Şoňa görä endamyňyza çykan çykuwlaryň hem-de ýurduňyza gyrgynçylyk getiren syçanlaryň altyndan şekillerini ýasap, Ysraýylyň Hudaýyny şöhratlandyryň; şeýtseňiz, belki, Hudaý sizden, siziň hudaýlaryňyzdan we ýurduňyzdan el çeker.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ