Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 11:8 - Mukaddes Kitap

8 Musa sözüni dowam edip, faraona: «Seniň ähli emeldarlaryň huzuryma gelip, maňa baş egerler we maňa: „Seniň özüň hem, yzyňa düşýän ähli halk hem gidewersin“ diýerler. Şundan soň men giderin» diýdi. Şeýdip, Musa gahar-gazaba münüp, faraonyň ýanyndan çykyp gaýtdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Муса сөзүни довам эдип, фараона: «Сениң әхли эмелдарларың хузурыма гелип, маңа баш эгерлер ве маңа: „Сениң өзүң хем, ызыңа дүшйән әхли халк хем гидеверсин“ диерлер. Шундан соң мен гидерин» дийди. Шейдип, Муса гахар-газаба мүнүп, фараоның янындан чыкып гайтды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 11:8
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Benhadat ýene-de çaparlaryny Ahabyň ýanyna ýollap, şeýle diýdi: «Men Samariýany ýer bilen ýegsan etmek üçin ägirt uly goşun getirerin. Eger Samariýadan esgerlerimiň owuçlaryny doldurmaga ýeterlik toz tapylsa, goý, onda hudaýlar maňa muny we mundanam beterini görkezsin».


Şeýdip, Ysraýyl, Ýahuda we Edom patyşalary bile ýola düşdüler. Olar ýedi günlük aýlawly ýoly geçenlerinden soň, pyýada goşun we olaryň ýanyndaky mallar üçin hiç hili suwlary galmady.


Olaryň dady-perýatlaryny we arz-şikaýatlaryny eşidenimde, meniň gaty gaharym geldi.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Sekiz kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Musa hem oňa: «Aýdyşyň ýaly bolar! Men indi hiç haçan seniň gözüňe görünmerin» diýdi.


Patyşalar saňa atalyk, şa aýallary saňa enelik ederler. Olar saňa tagzym edip, aýak tozuňyzy ýalarlar. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Maňa umyt baglaýanlar utanja galmaz».


Saňa sütem edýänleriň özlerini özüne iýdirerin, täze şerap içen deý öz ganlaryndan serhoş bolarlar. Onsoň ähli ynsanlar Meniň Rebdigimi, seniň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratly Hudaýydygymy bilerler».


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Şundan soň Şadraga, Meýşaga we Abednego garşy Nebukadnesaryň gahar-gazaby ot bolup tutaşdy. Gahardan ýaňa hatda onuň ýüzi gamaşyp gitdi. Ol ýanyp duran küräni adatdakysyndan hem ýedi esse artyk gyzdyrmaklaryny buýurdy.


Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle adam ýer ýüzünde başga ýokdy.


Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Ähli milletler: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar.


Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker.


Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


Barak zebulunlar bilen naftalylary Kedeş galasyna üýşürdi, on müň adam onuň yzyna eýerdi. Debora olara ýoldaş boldy.


Ol Sukodyň ilatyna: «Meniň yzymdan gelýän adamlaryma çörek beriň, olar gaty ýadaw. Men midýan baştutanlary Zebah bilen Salmunnany yzarlap barýaryn» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ