Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 11:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Mundan başga-da, Müsür topragynda, faraonyň emeldarlarynyň we halkynyň öňünde Musa beýik adam bolupdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реб мүсүрлилере ысрайыллары сылар ялы эдипди. Мундан башга-да, Мүсүр топрагында, фараоның эмелдарларының ве халкының өңүнде Муса бейик адам болупды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 11:3
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden beýik millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, adyňy arşa götererin, başgalar sen arkaly ýalkanarlar biri-birlerine pata bererler.


Ýöne Reb Ýusup bilen bolup, oňa merhemet etdi. Ýusup zyndanyň başlygynyň göwnünden turdy.


Nirä gitseň ýanyňda boldum, öňüňdäki ähli duşmanlaryňy gyryp taşladym. Indi bolsa ýer ýüzündäki beýik adamlaryň ady kimin seniň adyňy belende göterjek.


Mordekaýyň köşkdäki mertebesi, at-abraýy günsaýyn artyp, şöhraty ähli welaýatlara doldy.


Ysraýyllar edil Musanyň özlerine aýdyşy ýaly etdiler. Olar müsürlilerden altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler, şeýle hem, geýim-gejimler soradylar.


Reb hem müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Olar ysraýyllaryň soran zatlaryny berdiler. Şeýdip, ysraýyllar müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar.


Ysraýyllar Müsürden çykanlarynda, Men müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly ederin. Ysraýyllar ol ýerden elleri boş çykmazlar.


Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraýylyň Mukaddesiniň Siony diýer olar.


Musa müsürlileriň ähli bilimi öwredildi. Ol sözde hem, işde hem beýik adam bolup ýetişdi.


Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady.


Reb ony Müsürde faraona, onuň ähli gullaryna we tutuş ýurduna bir topar alamatlar we mugjyzalar görkezmek üçin iberipdi.


Şol gün Reb ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda Ýeşuwany beýgeltdi. Olar Musadan gorkuşlary ýaly, ömrüniň bütin dowamynda Ýeşuwadan hem gorkdular.


Men şeýtanyň üýşmeleňini gelip, aýagyňa ýykylmaga mejbur ederin, olar seni söýýändigimi bilerler. Olar özlerini ýahudy saýsalar-da, olar asla ýahudy däl, olar ýalan aldaýarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ