Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 10:9 - Mukaddes Kitap

9 Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Муса оңа: «Биз гарры-яшларымыз билен, огул-гызларымыз билен, мал-гарадыр доварларымыз билен биле гидерис, себәби биз Реббиң шанына байрам этмели» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 10:9
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýusubyň tutuş hojalygy, onuň doganlarydyr kakasynyň hojalygyndakylaryň hemmesi-de onuň ýanyndadylar. Goşen welaýatynda diňe çagalar, ownukly-irili mallar galdy.


Faraon olara: «Siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken.


Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi.


Öz soraýşyňyz ýaly, mallaryňyzdyr dowarlaryňyzy hem ýanyňyz bilen alyp gidiň. Maňa ak pata beriň!» diýdi.


Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.


Müsürlilerden hem bir topar märeke, şeýle hem, gaty köp mal-gara: sygyrlar we dowarlar ysraýyllara goşulyp gaýtdy.


Siz ýedi günläp petir iýmelisiňiz we ýedinji güni siz Rebbiň şanyna toý edersiňiz.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».


Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.


Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla.


Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla.


Ýedinji aýyň on bäşine siz mukaddes ýygnanyşyk geçiriň, şol gün işlemäň. Rebbiň şanyna ýedi günläp baýram ediň.


Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ