Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 10:7 - Mukaddes Kitap

7 Faraonyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Фараоның эмелдарлары гелип, оңа: «Бу адам хачана ченли бизе дузак болҗакка? Халкы гойбер, гой, гидип, Худайы Реббе ыбадат этсин. Мүсүриң вейран боляндыгына сен нәме энтек хем дүшүнеңокмы?» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 10:7
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler.


Olar siziň ýurduňyzda ýaşamasynlar, ýogsam, olar sizi Maňa garşy goýup, günä etmäge mejbur ederler. Olaryň hudaýlaryna gulluk etseňiz, siz gürrüňsiz duzaga düşersiňiz».


Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».


Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.


Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.


beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň; çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň, öz halkyňy gyrdyň. Pislik edýänleriň nesli asla ýatlanmasyn!


Oýan, eý, Rebbiň goly, oýan, gudraty geýin! Gadym günlerdäki dek, owalky nesillerdäki dek oýan! Rahab aždarhany parçalan, parran deşen Sen dälmidiň?


Mowap derbi-dagyn boldy, balalarynyň perýady eşidildi.


Babyl duýdansyz ýykylyp kül boldy, onuň üçin perýat ediň! Ýarasyna melhem çalyň, belki-de, şypa tapar.


Rebbiň gazaply gününde, altyn-kümüşleri halas edip bilmez olary. Rebbiň gabanjaňlyk odunda bütin dünýä ýanyp kül bolar, çünki Reb ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň baryny gyryp ýok eder.


Men bulary sizi çäklendirmek üçin aýtmaýaryn. Tersine, tutuş kalbyňyzy Rebbe bagyş edip, dogry ýaşaryňyz ýaly, siziň peýdaňyza aýdýaryn.


onda şuny bilip goýuň, çünki siziň Hudaýyňyz Reb şondan soň ol milletleri siziň öňüňizden kowup çykarmaz. Tersine, olar size duzak we tor bolarlar, tä Hudaýyňyz Rebbiň beren bu gowy ýerinden aýrylyp ýok bolýançaňyz, arkaňyzy gamçylap, gözüňize tiken bolup dürtülerler.


Şawul «Men ony Dawuda bererin, şeýdibem, oňa duzak guraryn. Piliştliler ondan öç alar» diýip oýlandy. Şonuň üçin ikinji gezek Şawul Dawuda: «Meniň giýewim bolmaga indi sen ikinji gezek mümkinçilik aldyň» diýdi.


Şol sebäpden, olar çaparlar gönderip, ähli piliştli hanlary ýygnadylar we: «Ysraýyl Hudaýynyň sandygyny bu ýerden çykaryp, öz ýerine ibereliň, goý, ol bizi hem, halkymyzy hem heläk etmesin» diýdiler. Sebäbi tutuş galany aýylganç howsala gaplap alypdy. Reb olary juda agyr jezalandyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ