Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 10:5 - Mukaddes Kitap

5 Çekirtgeler ýeriň ýüzüni örterler, olardan ýaňa ýeriň ýüzi görünmez. Doly ýagandan soňky galan zatlaryňyzy we meýdandaky ösüp oturan ähli agaçlaryňyzy çekirtgeler iýerler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Чекиртгелер ериң йүзүни өртерлер, олардан яңа ериң йүзи гөрүнмез. Долы ягандан соңкы галан затларыңызы ве мейдандакы өсүп отуран әхли агачларыңызы чекиртгелер иерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 10:5
7 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi.


Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmady.


Eger sen Meniň halkymy goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men ertir seniň ýurduňa çekirtge ibererin.


Emma bugdaýa we ýazlyk bugdaýa zeper ýetmändi, sebäbi olar gijräk gögerýärdi.)


Ýumurtgadan çykan çekirtgeden artan hasyly ganat baglamadyk çekirtge iýdi. Ondan artany ganat baglan çekirtge iýdi, ganat baglan çekirtgeden artan hasyly gemriji çekirtge sürüsi iýdi.


«Men üstüňize iberen ägirt leşgerimiň: ganat baglamadyk, ganat baglan, ýumurtgadan çykan we gemriji çekirtge sürüsiniň hasyly iýip gutaran ýyllarynyň öwezini dolaryn.


Onuň öňünden ot ýalmap-ýuwudýar, yzyndan-da ýalyn köýdürýär. Öň ýanynda toprak Erem bagy deý, yz ýanynda – tozap ýatan beýewan. Ondan hiç zat gutulyp-da bilmeýär.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ