Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 10:23 - Mukaddes Kitap

23 Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Олар хатда бир-бирлерини хем гөрүп билмедилер. Үч гүнләп оларың хич бири хич ере гозганып хем билмеди, эмма әхли ысрайылларың яшаян еринде ягтылык болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 10:23
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.


Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi.


Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler.


Jadygöýler faraona: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma faraonyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.


Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň.


Diňe ysraýyllaryň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragynda doly ýagmady.


Emma Reb ysraýyl mallary bilen Müsür mallarynyň arasynda tapawut goýjakdyr, ysraýyllara degişli mallaryň ýekejesi hem ölmez“» diýdi.


Körleri bilmeýän ýollaryndan äkiderin, iderin tanyş bolmadyk ýodalaryndan, öňlerinde garaňkylygy ýagtylyga, çarkandakly ýerleri tekiz ýere öwrerin. Mendirin bulary etjek, olary terk etmerin.


Hasyl ýygnamaga üç aý galanda, sizden ýagmyry gysgandym, Men bir şähere ýagyş ýagdyryp, başga birine ýagdyrmadym. Bir ekin meýdany ygaldan gandyrdym, beýleki birini bolsa ygalsyz guratdym.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Ol bizi garaňkylygyň ygtyýaryndan boşadyp, Öz söýgüli Oglunyň Şalygyna getirdi;


Şonda ysraýyllar perýat edip, Men-Rebden kömek sorap ýalbaranlarynda, Men olar bilen müsürlileriň aralygyny tüm-garaňkylyga gapladym. Men müsürlileriň üstüni deňziň suwy bilen örtüp, gark etdim. Siz Meniň müsürlilere näme edenimi öz gözleriňiz bilen gördüňiz. Soňra siz uzak wagtlap çölde ýaşadyňyz.


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ