Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 10:21 - Mukaddes Kitap

21 Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsür ýurduna garaňky düşüp, ony tümlük gaplap alar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Шундан соң Реб Муса: «Элиңдәки хасаңы асмана узат, шонда Мүсүр юрдуна гараңкы дүшүп, оны түмлүк гаплап алар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 10:21
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mertebelerini saklaman, mesgen tutan ýerlerini terk eden perişdeleri hem Ol tümlükde zynjyrlar bilen ebedilik baglady. Olary elhenç kyýamat gününe çenli şol ýerde saklaýar.


Bu adamlar bolsa gurap galan çeşmedir, güýçli ýeliň kowýan ümrüdir; dowzahda garaňky tümlük şolar üçin saklanýandyr.


Hudaý hatda günä iş eden perişdeleri-de aýamady. Höküm gününe çenli saklansynlar diýip, olary zynjyrlap, dowzahyň tüm garaňky girdabyna gabap goýdy.


Wagt günortana golaýlanda, Günüň ýüzi tutuldy, öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. Ybadathananyň perdesi ortarasyndan ýyrtylyp, ikä bölündi.


Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.


Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.


Erbetleriň ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr, olar nämä büdrändigini bilmeýärler.


Soňra Bagalpegor butuna bil bagladylar, ölülere bagyş edilen gurbanlyklary olar iýdiler.


Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez.


Soňra Reb Musa: «Eliňi asmana uzat, şonda tutuş Müsüriň üstüne doly ýagar. Müsüriň meýdanlarynda galan adamlaryň, mallaryň we gögerip oturan ähli ösümlikleriň üstünden doly iner» diýdi.


Olaryň şer işleri bulanyk suw tolkunlary ýaly äşgär bolýar we özleri-de sergezdan ýyldyzlar kimindir. Tüm garaňkylyk olar üçin ebedilik saklanýar.


Çünki öli çaga biderek dogulýar, garaňkylyk içinde ýitip gidýär, ady garaňkylyga örtülýär.


«Akyllynyň gözleri başyndadyr; akylsyz bolsa garaňkylykda gezýändir. Emma hemmesiniň takdyrynyň bir ekenligini bildim».


Ýa Reb, göklere ýetýär Seniň söýgiň, bulutlara ýetýär wepadarlygyň.


Dördünji perişde surnaýyny çaldy. Günüň üçden bir bölegine, Aýyň üçden bir bölegine, ýyldyzlaryň üçden bir bölegine zarba urlup, olaryň üçden bir bölegi garaldy. Netijede, gündiziň we gijäniň üçden bir bölegi ýagtysyz galdy.


Reb Musa: «Haruna aýt: „Hasasyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna: olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwlary, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.


Seni gümlän mahalym gökleri bürärin, ýyldyzlary garaldaryn; Güni bulut bilen örterin, Aý-da öz yşygyny bermez.


Müsürde we çölde edil gözüňiziň alnynda siziň üçin söweşişi ýaly, ýene-de öňüňizden ýöräp, siziň üçin söweşjek Hudaýyňyz Rebdir.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Gündizleri garaňkylyga öwrülip, gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ