Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 10:2 - Mukaddes Kitap

2 Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Сен өз несиллериңе ве неберелериңе Мениң мүсүрлилериң аңкасыны ашырып, оларың арасында нәхили гудратлы аламатлар гөркезендигими гүррүң берерсиң. Шонда сиз Мениң Ребдигими билерсиңиз» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 10:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eý, Hökmürowan Reb, Sen beýiksiň! Saňa taý geljek ýokdur, Senden başga Hudaý ýok! Muny öz gulaklarymyz bilen eşitdik.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Liliýa» äheňinde aýdylýan. Koranyň nesilleriniň maskili. Söýgi nagmasy.


Ýagşy sözler joşýar meniň kalbymdan, düzen şygyrlarymy patyşa aýdyp berýärin; dilim çalasyn ýazyjynyň galamy kimin.


Hudaýym sadyk söýgüsi bilen meni garşylar, maňa duşmanlarymyň ýeňlişini görkezer.


Ysraýyl Hudaýyna, Rebbe alkyşlar bolsun! Gudratlary diňe Ol edýär.


Iýerusalimiň daş-töweregine suw kimin olaryň ganlaryny dökdüler, olary jaýlan bolmady.


Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy.


Men faraonyň, onuň söweş arabalarynyň we söweş arabaly esgerleriniň üstünden şöhrat gazananymda, müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.


Men faraony doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Faraonyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.


Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.


Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler».


Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi.


Bu gün meniň edişim ýaly, diriler, diňe diriler Saňa şükür edýärler, atalar perzentlerine Seniň wepalylygyňy bildirýärler.


Olary özleriniň getiren gurbanlyklary bilen harama çykardym, ilkinji doglan çagany ot üsti bilen gurban etmäge ýol berdim. Şeýdip, Men olara howp saldym we Özümiň Rebdigimi bilsinler diýdim».


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Siz muny ýetiriň çagalaryňyza, olar hem aýtsyn öz çagalaryna, olaryň çagalary-da indiki nesle.


Eý, atalar, siz hem çagalaryňyzyň gaharyny getirmäň. Gaýtam, olary Rebbiň terbiýesi hem öwüdi bilen ulaldyň.


Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ