Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 10:16 - Mukaddes Kitap

16 Faraon derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Фараон деррев Муса билен Харуны чагырдып, олара: «Бу болан әхли затдан соң, мен ене-де сизиң ве Худайыңыз Реббиң гаршысына гүнә этдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 10:16
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sebäbi men guluňyz özümiň günäkärdigimi bilýärin. Şoňa görä-de, men şu gün Ýusubyň nesillerinden ilkinji bolup, siz şa hezretlerini garşylamaga geldim».


Ilat ýazuwyndan soň Dawudyň ýüreginde ynjalyksyzlyk peýda boldy. Dawut Rebbe: «Şu hereketim bilen Seniň öňüňde uly günä gazandym, akmaklyk etdim. Öz guluňy günä astynda goýma, ýa Reb! Ýalbarýaryn!» diýip, Rebbe ýüzlendi.


Dawut adamlaryň başyna külpet getirýän perişdäni görende, Rebbe: «Wah, men günä gazandym, ine, men hata iş etdim. Ýöne bu bigünä halk näme etdi ahyryn? Goý, Sen diňe maňa hem atamyň nesline jeza ber» diýdi.


Soňra faraon Musa bilen Haruny ýanyna çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň-de, şu ýurtda Hudaýyňyza gurbanlyk beriň» diýdi.


Soňra faraon Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe gurbanlyk bermäge goýbererin» diýdi.


Soňra faraon adam ýollap, Musa bilen Haruny çagyrtdy we olara: «Bu gezek men günämi boýun alýan. Rebbiňki dogry, meniň we halkymyň edýäni nädogry.


Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.


Halk Musanyň ýanyna gelip: «Rebbe we saňa dil ýetirip, biz günä iş etdik. Ýylanlary aramyzdan aýrar ýaly, Rebden dileg et» diýdiler. Musa halk üçin dileg etdi.


Onsoň Bilgam Rebbiň perişdesine: «Men günä etdim, Seniň garşymda ýolda duranyňy bilmändirin. Indi Sen eger meniň gitmegimi oňlamaýan bolsaň, men öýüme gaýdaýyn» diýdi.


«Men bigünä kişä haýynlyk edip, günä gazandym» diýdi. Olar-da: «Bize näme, muňa özüň jogap berýäň» diýdiler.


Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.


Soňra Şawul Şamuwele: «Men günä gazandym. Ýöne halkymyň ýaşulularynyň öňünde we Ysraýylyň arasynda meni ryswa etme. Hudaýyň Rebbe sežde etmegim üçin, gaýdanyňda bile gideli» diýdi.


Şawul Dawuda şeýle diýdi: «Men günä etdim. Yzyňa dolan, oglum, Dawut. Indi men saňa hiç wagt ýamanlyk etmerin, çünki bu gün meniň janym seniň üçin juda gymmatly boldy. Men akmak bolupdyryn, juda ýalňyşypdyryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ