Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň nazarymda dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin.
Meni dikeldip, kakam Dawudyň tagtynda oturdan, wada berşi ýaly maňa we meniň nesillerime patyşalygy beren Rebden ant içýärin. Adonyýa hut şu günüň özünde öldüriler!»
Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
Men Özüme göwnümden turjak we pisindim oturjak işleri etjek wepadar bir ruhany saýlaryn. Men onuň neslini ebedileşdirerin, ol ömürbaky Meniň seçip-saýlan patyşamyň huzurynda gezer.