Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 1:20 - Mukaddes Kitap

20 Hudaý hem bu göbegenelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi we güýçlendi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Худай хем бу гөбегенелере гарашык этди, шейдип, ысрайыл халкы хас көпелди ве гүйчленди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 1:20
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ähli meýdan haýwanlaryny hem suwa ýakýar, gulanlary suwdan gandyrýar.


Jomart, karz berýän ynsan gowudyr, ol işlerini adalatly ýola goýýandyr.


Olaryň bar niýeti meni beýiklikden pese düşürmek; olar ýalan sözlemekden lezzet alýarlar, agyzlary bilen ak pata berýärler, ýüreklerinde bolsa näletleýärler. Sela


Ýa Taňry, ýaradan milletleriň ählisi gelip, Seniň gaşyňda sežde ederler, Seniň adyňa şöhrat aýdarlar.


Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan susty basyldy.


Göbegeneler faraona: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbegene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler.


Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.


Erbediň gazanjy galplykdyr, dogrulyk ekýän hökman hakyny alar.


Kim garyba merhemet edýän bolsa, Rebbe karz berýär, Reb onuň öwezini gaýtarar.


Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.


Dogrulara aýdyň, ýagşylyk görerler olar, öz işleriniň miwesini iýerler.


Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».


Patyşa olara: „Size dogrusyny aýdýaryn, Meniň bu iň pes saýylýan doganlarymdan birine edeniňizi Maňa edensiňiz“ diýip jogap berdi.


Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ