Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Emma bu göbegeneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эмма бу гөбегенелер Худайдан горкян аяллар экен, олар Мүсүр патышасының буйрушы ялы этмән, гайтам, эркек доглан чагалары-да дири галдырыпдырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 1:17
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.


Üçülenji gün Ýusup olara şeýle diýdi: «Eger meniň diýenimi etseňiz, onda diri galarsyňyz, çünki men Hudaýdan gorkýaryn.


Ýöne patyşanyň sözi Ýowabyňkydan hem-de goşunbaşylardan üstün geldi. Şunlukda, Ýowap bilen goşunbaşylar ysraýyl halkynyň hasabyny almak üçin patyşanyň ýanyndan ugradylar.


Menden öňki bolan häkimler welin halkyň boýnuna agyr ýük bolup, olar ilatdan bir gadak kümüşden daşary azyk, şerap alýan ekenler. Olaryň hatda hyzmatkärleri-de halkyň üstünden höküm sürýän ekenler. Emma men Hudaýdan gorkýandygym üçin beýle iş etmedim.


Patyşanyň köşk emeldarlary Mordekaýdan: «Sen näme üçin patyşanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmekden boýun towlaýarsyň?» diýip soradylar.


Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbegeneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady.


Göbegeneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi.


Sadyk söýgi etmişden saplaýar, Rebden gorkmak ýamanlykdan sowýar.


Rebden gorkmak ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.


Olar: «Şahym, Ýahudadan ýesir edilip getirilenleriň biri bolan Danyýel seni-de, seniň möhür basan permanyňy-da äsgermän, günde üç gezek dileg edýär» diýip, patyşa habar berdiler.


Zulum gördi Efraýym. Höküm bilen ezildi. Çünki bilip durubam, boş hyýalyň yzyndan gitmek isledi.


Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».


Bedeni öldürip, jany öldürip bilmeýänlerden gorkmaň. Gowusy, bedeni hem, jany hem dowzahda ýok etmäge güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň.


Men size kimden gorkmalydygyňyzy aýdaýyn: öldürenden soň dowzaha zyňmaga güýji ýetýän Hudaýdan gorkuň. Hawa, size aýdýaryn, Ondan gorkuň.


Petrus bilen resullar olara şeýle jogap berdiler: «Ynsana däl-de, Hudaýa boýun bolmak has möhümdir.


Patyşa ýanynda duran janpenasyna: «Bol, Rebbiň ruhanylaryny öldür, sebäbi olaram Dawudy goldaýarlar. Olar onuň gaçyp ýörenini bilibem, maňa habar bermändirler» diýdi. Ýöne patyşanyň nökerleri Rebbiň ruhanylaryna el götermediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ