Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 7:6 - Mukaddes Kitap

6 Çünki ogly atasyny äsgermeýär, gyz enesine garşy gidýär, gelin gaýynenesiniň ýüzüni alýar, öz içeriňiz size duşmandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Чүнки оглы атасыны әсгермейәр, гыз энесине гаршы гидйәр, гелин гайыненесиниң йүзүни аляр, өз ичериңиз сизе душмандыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 7:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Suw kimin durnuksyzsyň sen, indiden beýläk mertebäň belende galmaz seniň, çünki sen öz ataň düşegine geçip, ony harama çykardyň.


Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.


Reb gündiz sadyk söýgüsini görkezýär, gijelerine men Oňa nagma aýdýaryn – ömrümiň Hudaýyna doga edýärin,


Şeýle adamlar bar, atasyna gargaýandyr, enesine alkyş edýän däldir.


Atasyny masgaralap, enesini diňlemän, har edýän gözi dere gargalary çokar, bürgütler iýer.


Ynsan ynsana, goňşy goňşusyna sütem eder, ýaşlar ýaşululary, garamaýak adamlar abraýly adamlary sylamazlar.


Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.


Saňa hatda dogan-garyndaşlaryň, öz maşgalaň-da haýynlyk etdi. Ýeňsäňden seslerine bat berdiler. Ýüzüňe ýagşy sözler aýtsalar-da, ynanmaweri sen olara.


Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Her kes öz dostundan ägä bolsun, hiç bir dogana ynam etmäň. Çünki her bir dogan ýalançydyr, her bir dost ýalan gep gezdirýär.


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Sen bilen salamatlykda ýaşanlar seni aldadylar. Ähli arkadaşlaryň seni serhetden çykardylar. Bile duz iýşen adamlaryň senden rüstem çykdylar. Muny sen aňşyrmadyň».


Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler.


Isa hem olara: «Elini Meniň bilen bir okara batyran Maňa haýynlyk eder.


Ata ogluna, ogul atasyna garşy, ene gyzyna, gyz enesine garşy, gaýynene gelnine, gelin gaýynenesine garşy bolar».


Size ene-ataňyz, doganlaryňyz, garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem haýynlyk ederler, käbiriňizi öldürerler.


Men siziň hemmäňiz hakda aýtmaýaryn. Men Öz saýlanlarymy bilýärin. Emma, goý, bu Mukaddes Ýazgylardaky: „Hatda duzumy iýen maňa haýynlyk etdi“ diýen sözler berjaý bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ