Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Milletler muny görüp, öz kuwwatlaryndan utanarlar. Ellerini agyzlaryna tutarlar, gulaklaryny dykarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Миллетлер муны гөрүп, өз кувватларындан утанарлар. Эллерини агызларына тутарлар, гулакларыны дыкарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 7:16
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn, eliňizi agzyňyza tutuň.


Hudaýyň güýji ýaly güýjüň barmy? Onuňky ýaly güňleç sesiň barmy?


Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.


Eger sen akmak bolup özüňi öwseň ýa ýamanlygy niýet eden bolsaň, onda eliňi agzyňa tut.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Reb şeýle diýýär: «Men olaryň işlerini-de, niýetlerini-de bilýärin. Ähli milletleri we dilleri bir ýere toplamak üçin Men gelýärin. Olar gelip, Meniň şöhratymy görerler.


Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».


Görgürler masgara ediler, palçylar utanja galar. Hudaýdan jogap bolmany üçin, olar uýatdan ýüzlerini örterler».


Ýakubyň neslinden aman galanlary milletleriň, köp halklaryň arasynda jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan, goýun sürüsine aralaşan şir çagasy dek bolarlar, arslan deý hüjüme geçende, basgylap, tüýdüm-tüýdüm eder, hiç kim olary onuň penjesinden halas etmez.


Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».


«Şol gün Men Iýerusalimiň garşysyna çykýan milletleriň ählisini derbi-dagyn etmäge girişerin.


Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ