Soňra men olara: «Iýerusalimiň haraba öwrülip, onuň derwezeleriniň oda ýanandygy zerarly biziň nähili ejir çekýändigimizi siziň özüňiz görüp dursuňyz. Mundan artyk wejera bolup ýörmezlik üçin, geliň, Iýerusalimiň diwaryny dikeldeliň!» diýdim.
Şeýle hem patyşa tokaýynyň sakçysy Asafa, ybadathana galasynyň derwezeleri üçin, şäheriň diwarlary we meniň ýaşajak öýümiň pürsleri üçin agaç berer ýaly hat bersin» diýdim. Hudaýymyň ýalkamagy bilen patyşa meniň dilegimi bitirdi.
Köne harabalaryňyz täzeden dikeldiler, köp asyrlardan galan harabalaryň düýbüni gaýtadan tutarsyňyz; olar size: «Jaýryklary bejerýän, ýaşamak üçin köçeleri düzedýän» diýerler.
Şuny bilip goý we düşün: Iýerusalimi täzeden dikeltmek üçin çykan buýrukdan tä seçip-saýlanjak hökümdaryň döwrüne çenli ýedi ýediýyllyk geçer. Altmyş iki ýediýyllygyň içinde Iýerusalimde meýdançalar we garymlar ýene-de täzeden gurlar. Emma bu hem muşakgatly zamanda bolar.