Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 6:7 - Mukaddes Kitap

7 Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nowbahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Реб мүңлерче гочдан, Он мүңлерче зейтун яглы дерядан хошал болармы? Языгым үчин новбахар оглумы берейинми? Җанымың гүнәси үчин билимден өнени берейинми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 6:7
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ahaz Ysraýyl patyşalarynyň ýoly bilen ýöräp, Rebbiň ysraýyllaryň ýurdundan kowup çykaran milletleriniň ýigrenji adaty boýunça öz ogluny otdan geçirdi.


Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Onsoň Mowap patyşasy öz ornuna patyşa boljak nowbahar ogluny galanyň diwarynda ýakma gurbanlygy hökmünde hödürledi. Ysraýyla garşy gahar-gazap möwjedi. Şonuň üçin hem ysraýyllar Mowapdaky söweşi bes edip, öz ýurtlaryna dolandylar.


Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, gaýadan zeýtun ýagy akardy!


Meni käkilik oty bilen arassala, bolaryn men päk, meni ýuw, bolaryn men gardan hem ap-ak.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Liwan jeňňeliniň oduny ýeterlik bolmaz, mallary ýakma gurbanlyga azlyk edýär.


Çagalaryny otda ýakyp, Bagal butuna ýakma gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin seždegähler gurdular. Men olara beýle işi buýurmandym, aýtmandym, beýle zat kelläme-de gelmändi.


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.


Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler.


Ownukly-irili mal-garalary alyp, Rebbi gözlemäge giderler. Ýöne Ony tapmazlar. Çünki Reb olardan çekildi.


Çünki Men gurbanlygy däl, sadyk söýgini isleýärin, Ýakma gurbanlygy däl, Hudaýy tanamaklygy isleýärin.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


Ýüregim bolan Onesimi yzyna, seniň ýanyňa ýollaýaryn.


onda men ammonlylary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir. Men şony Rebbe ýakma gurbanlyk edip berjekdirin».


Iki aý geçensoň, ol kakasynyň ýanyna dolanyp geldi. Kakasy gyzy barada eden kasamyny ýerine ýetirdi, ol boý gyzlygyna öldi. Şondan soň ysraýyl gyzlarynyň arasynda


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ