Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen baraýynmy? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Реббиң хузурына нәме билен барайын? Гөкдәки Худая нәхили сежде эдейин? Онуң хузурына якма гурбанлыгы билен барайынмы? Я-да бир яшар гөлелер билен?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 6:6
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut gibgonlylara: «Men siziň üçin näme edeýin? Rebbiň saýlan halkyna pata bermegiňiz üçin, bu günäden nädip saplanarkam?» diýdi.


Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.


Onuň huzuryndadyr hormat, şan-şöhrat, Onuň mekanyndadyr gözellik, kuwwat.


Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.


Petir baýramyny belläň. Meniň buýruşym ýaly, Abyp aýynyň bellenen günlerinde ýedi günläp petir iýiň, çünki siz Müsürden şol aýda çykdyňyz. Meniň öňümde hiç kim eli boş görünmesin.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.


Liwan jeňňeliniň oduny ýeterlik bolmaz, mallary ýakma gurbanlyga azlyk edýär.


Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden».


Ýurduň halky baýramlarda Rebbiň huzuryna gelende, sežde etmek üçin demirgazykdaky derwezeden giren günortadaky derwezeden çykmalydyr; şeýle hem, günortadaky derwezeden giren demirgazykdaky derwezeden çykmalydyr, ýagny giren derwezesinden öwrülmän, onuň garşysyndakydan çykmalydyr.


Onsoň Nebukadnesar ýanyp duran küräniň agzyna golaý baryp: «Eý, Beýik Hudaýyň sadyk gullary Şadrak, Meýşak we Abednego, daşary çykyň! Bäri geliň!» diýdi. Şeýdip, Şadrak, Meýşak we Abednego oduň içinden çykdylar.


Onuň ýapraklary şeýle gözeldi, diýseň bolelin miwesi bardy. Ol hemmelere iýmäge ýetjekdi, ýabany haýwanlar onuň saýasynda ýatýardy, gögüň guşlary şahasynda höwürtgeleýärdi, ähli janly-jandarlar şondan iýmitlenýärdi.


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.


Ownukly-irili mal-garalary alyp, Rebbi gözlemäge giderler. Ýöne Ony tapmazlar. Çünki Reb olardan çekildi.


Hatda ýakma gurbanlygyňyzdyr galla sadakaňyzy hödür etseňiz-de, Men olary kabul etmerin. Semiz mallaryňyzdan salamatlyk gurbanlygyňyzy berseňiz-de, Men olara bakmaryn.


Ýakma gurbanlygy üçin bir öküzçe, bir goç, birýaşar erkek tokly.


Şol mahal bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Eý, Mugallym, baky ýaşaýşa eýe bolar ýaly, men näme ýagşy iş etmeli?» diýip sorady.


Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi.


Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.


Bir dindar Isany synamak üçin, ýerinden turup: «Mugallym! Baky ýaşaýşy miras almak üçin men näme etmeli?» diýip sorady.


Isa olara: «Men size dogrusyny aýdýaryn, siz Meni gudrat göreniňiz üçin däl-de, çörek iýip doýanyňyz üçin agtarýarsyňyz.


Ol Pawlusyň we biziň yzymyza düşüp: «Bu adamlar Beýik Hudaýyň gullarydyr. Olar size halas bolmagyň ýoluny wagyz edýärler» diýip gygyrýardy.


Olary daşary çykaryp: «Agalar! Men halas bolmak üçin näme etmeli?» diýip sorady.


Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.


Şeýlelikde, ýerde we gökde her bir millete at beren Atamyzyň huzurynda men dyza çökýärin.


Her bir ruhany her gün aýak üstünde durup, dini borçlary ýerine ýetirýärdi we şol bir gurbanlyklary öwran-öwran hödürleýärdi. Emma bu gurbanlyklar hiç wagt günäleri ýuwmagy başarmaýar.


Şamuwel şeýle diýdi: «Rebbe ýakma gurbanlyklardyr sadakalar bereniň bilen, Onuň Özüne boýun egilişindäki ýaly göwni galkynarmyka? Çünki boýun egmeklik gurbanlykdan, gulak asmaklyk goçuň ýagyndan has belentdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ