Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Mika 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Эй, халкым, Мовап шасы Баллагың саңа гаршы ниетини, Бегорың оглы Билгамың оңа берен җогабыны, Шитимден Гилгала ченли болан ишлери ядыңа сал! Шонда Мен-Реббиң халас эдиш ишлерими билерсиң» диййәр Реб.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Mika 6:5
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dogry ynsan üçin hatda garaňkyda nur dogar, ol mähriban, dogruçyl we rehimlidir.


Meni azat et, kesekileriň elinden halas et meni. Olaryň agzy ýalan sözleýär, ýalan kasam üçin olar sag elini galdyrýar.


Az-kem sabyr et, erbetler ýok bolarlar, ýerlerine göz aýlarsyň, ýöne tapmarsyň.


Onuň şöhratly adyna baky alkyşlar bolsun! Onuň şöhraty tutuş ýeriň ýüzüne dolsun. Omyn! Omyn!


Sion adalatlylyk bilen halas ediler, toba edenler dogrulyk bilen.


Ertesi gün Ballak Bilgamy alyp, ony Bamotbagala getirdi. Ol ýerden Bilgam ysraýyl halkynyň bir bölegini görüp bilýärdi.


Onsoň Ballak Bilgama: «Ýör, men seni başga bir ýere äkideýin, belki seniň olary şol ýerde näletlemegiň Hudaýyň göwnüne ýarar» diýdi.


Ysraýyllar Şitimde ýaşaýarkalar, mowaply aýallar bilen zyna etmäge başladylar.


Ol aýallar ysraýyllary öz hudaýlaryna hödür eden gurbanlyklaryna çagyrýardylar. Ysraýyllar olaryň gurbanlyklaryndan iýip, olaryň hudaýlaryna sežde edýärdiler.


«Bu aýallar Bilgamyň maslahaty bilen Pegorda ysraýyllara Rebbe garşy dönüklik etdirdiler. Şonuň üçinem, Rebbiň halkynyň arasyna gyrgynçylyk aralaşdy.


Öldürilenleriň arasynda Ewi, Rekem, Sur, Hur we Reba atly bäş sany Midýan hany-da bardy. Begor ogly Bilgamy-da ysraýyllar gylyçdan geçirdiler.


Olar Iordan derýasynyň boýunda, Beýtýeşimotdan tä Abelşitime çenli Mowap düzlüginde düşelge gurup oturdylar.


Şonuň üçin, eý, asly ýahudy däller! Öňki ýagdaýyňyzy ýadyňyza salyň. Birwagtlar özlerine «sünnetliler» diýýän ýahudylar sizi «sünnetsizler» diýip atlandyrýardylar. Emma olaryň agzaýan sünneti beden bilen bagly ýönekeýje bir adatdyr.


Gurbanlyk etini hamyrmaýaly çörek bilen iýmeli däldir. Ony ýedi günläp petir bilen, ýagny ezýet çöregi bilen iýiň. Çünki siz Müsürden howlukmaç çykyp gaýtdyňyz. Şonuň üçin hem Müsürden çykyp gaýdan günüňizi ömürboýy ýatlarsyňyz.


Ömrüňiziň bütin dowamynda hiç wagt olaryň salamatlygy we abadanlygy ugrunda çalyşmaň.


Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.


Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.


Hudaýyňyz Rebbiň çölde nähili gaharyny getirendigiňizi ýadyňyza salyň we ony unutmaň. Müsür ýurdundan çykan günüňizden, tä bu ýere gelen günüňize çenli siz Rebbe garşy baş göterdiňiz.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler.


Ysraýyllar Iordandan birinji aýyň onunjy güni çykdylar we Ýeriho galasynyň gündogar tarapyndaky Gilgalda düşlediler.


Olar Begoryň ogly Bilgamyň yzyna eýermek bilen, dogry ýoly terk edip azaşdylar. Bilgam haram ýol bilen pul gazanmagy halady.


Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär.


Olaryň halyna waý! Olar Kabylyň göreldesine eýerýärler. Bilgam ýaly, pul üçin adamlaryň gözüni gapýarlar. Kora ýaly baş galdyrandyklary üçin heläk bolýarlar.


Ýöne sende oňlamaýan käbir zatlarym bar. Siziň araňyzda Bilgamyň taglymatyna eýerýänler bar. Bilgam ysraýyl halkyny günäniň toruna salmagyň ýoluny Ballaga öwretdi. Şeýdip, ysraýyl halky buta berlen gurbanlygy iýip, zyna etdi.


Sen Mowap patyşasy Siporyň ogly Ballakdan gowumy näme? Ol Ysraýyl bilen tersleşdimi ýa uruşdymy?


Güzere eşidilýär sazyň owazy, eşidýäs biz surnaýlaň sesin. Ysraýyl serdarlarynyň beýik işlerini, Rebbiň ýeňşini wasp edýärler. Rebbiň halky gala derwezesine ýöriş edýär.


Indi bolsa turuň, men sizi hem-de ata-babalaryňyzy halas etmek üçin Rebbiň eden ähli dogry işleri esasynda Onuň huzurynda sizi ýazgaraýyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ